Google kompaniýasy Gemini-ni göni Chrome-a birleşdirýär: ol ulanyjylaryň işini aňsatlaşdyrar

  • 22.09.2025 18:08
  • 1.2k+

Google kompaniýasy macOS we Windows kompýuterlerinde täzelenen Gemini emeli aňyny Chrome bilen birleşdirip başlady. Hyzmat eýýäm ABŞ-da ulanyjylar üçin elýeterli bolup, ýazylmagy talap etmeýär.

Täze EA agenti açyk sahypalary we brauzeriň taryhyny görüp biler. Ol ýapyk sahypalary dikeldip, harytlary deňeşdirip, dürli çeşmelerden maglumatlary ýygnap biler. Şeýle-de, Gemini YouTube, “Senenama”, “Karta” we Workspace ýaly Google hyzmatlary bilen işleýär.
Ýakyn aýlarda kompaniýa onuň funksiýalaryny giňeltmegi meýilleşdirýär. EA ulanyjynyň adyndan adaty işleri ýerine ýetirip biler. Mysal üçin, poçtadaky sanawdan önümleri sargyt edip, sargydyň wagtyny üýtgedip, restoranda stol bronlap biler. Käbir amallar üçin ulanyjy gözegçiligini üpjün eder ýaly goşmaça barlaglar göz öňünde tutuldy.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......