Mercedes Germaniýada öz zerurlyklary üçin hususy ýel elektrostansiýasyny gurar

  • 22.09.2025 18:01
  • 3.3k+

Mercedes-Benz Germaniýanyň demirgazygynda Papenburg şäherindäki synag ýolunyň çäginde hususy ýel elektrostansiýasynyň gurluşygyna başlady.

2027-nji ýyla çenli, takmynan, 800 gektarlyk ýerde umumy kuwwaty 140 megawatt bolan 20 ýel turbinasyny gurnamak meýilleşdirilýär. Hasaplamalara görä, bu Germaniýada Mercedes-Benz Group AG-yň bir ýyllyk energiýa zerurlyklarynyň 20%-ini üpjün etmek üçin ýeterlikdir.


Taslama UKA (Umweltgerechte Kraftanlagen GmbH Co. KG) kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Onuň bilen elektrik energiýasyny ýola goýmak barada 25 ýyllyk şertnama baglaşyldy.
Turbinalar bilen Nordex nemes kompaniýasy üpjün eder, 164 metrlik diňler üçin beton binýatlaryny we elementleri bolsa Max Bögl Wind AG taýýarlar.
Mercedes-Benz Group AG-yň müdirler geňeşiniň önümçilige jogap berýän agzasy Ýorg Burser täze ýel elektrostansiýasynyň kompaniýanyň durnukly ösüş strategiýasynyň bir bölegi boljakdygyny we daşky gurşawa hem ykdysadyýete peýda getirjekdigini belledi. Papenburgdaky taslama Germaniýada gurulýan umumy kuwwaty 1,5 gigawattdan ýokary bolan desgalaryň arasynda iň möhümi hasaplanýar.
Mercedes-Benz 2022-nji ýyldan bäri önümçilik meýdançalarynyň gönüden-göni atmosfera kömürturşy gazyny zyňman işleýändigini ýatlap geçýär. 2030-njy ýyla çenli kompaniýa önümçilikde sarp edilýän energiýanyň 70%-den gowragyny gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden almagy, uzak möhletli geljekde bolsa dünýädäki ähli zawodlarynda doly “ýaşyl” energiýa geçmegi göz öňünde tutýar. 


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....