Aşgabatda Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli forum geçirildi

  • 22.09.2025 17:43
  • 3.9k+

20-nji sentýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum geçirildi. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli guraldy.

Forumyň işine ýurdumyzyň öňdebaryjy sport hünärmenleri bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary, ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Fransiýayň Pariž şäherinden ÝUNESKO-nyň Sport bölüminiň başlygy, Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) sekretary jenap  Filip  Müller-Wirt wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly milli foruma gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, talyplar sportunyň dost-doganlygy we ynanyşmagy pugtalandyrýandygyny belledi.
Forumyň barşynda şeýle hem sport klublarynyň işini kämilleşdirmekde häzirki zaman tejribeleri paýlaşyldy. Talyplar sportuny we sagdyn durmuş ýörelgesini ylmy esasda ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.
Umumy mejlis tamamlanandan soň, milli forum öz işini 60-dan gowrak çykyşlar girizilen bölümçelerde dowam etdi.
Talyplar sportunyň halkara güni (International Day of University Sport — IDUS) ilkinji gezek 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň karary bilen yglan edildi. Bu teklip ýokary okuw mekdeplerindäki sport hereketleriniň halkara merkezi bolan – Halkara talyp sporty federasiýasy (FISU) tarapyndan öňe sürlüp, ilkinji gezek resmi derejede 2016-njy ýylda bellenildi. Häzirki wagtda dünýäniň ýüzlerçe ýurdunda bu gün dürli çäreler bilen giňden bellenilýär.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

08.06.2026 08:18
3k+

19 sany Aston Martin DB4 GT Zagato-nyň biri 15 mln dollara auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar....