CIES: “Çelsi” häzirki oýunçylaryny satyn almak üçin beýleki klublardan köp sarp etdi

  • 19.09.2025 00:47
  • 5k+

Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) esasy düzümiň häzirki oýunçylaryny satyn almak üçin çykarylan çykdajylar boýunça futbol klublarynyň reýtingini hödürledi. Hasaplamalarda hemişelik transferler we kärende şertnamalary göz öňünde tutuldy.

Reýtingde 100 klub görkezilýär. Olaryň başynda bolsa futbolçylaryň häzirki toparyny düzmek üçin 1,3 mlrd ýewro sarp eden Londonyň “Çelsisi” durýar. Toparyň iň gymmat satyn alan oýunçysy ekwadorly ýarymgoragçy Moýses Kaýsedo boldy (134 mln ýewro). Ikinji we üçünji orunlarda Angliýanyň “Mançester Siti” (1,128 mlrd ýewro) we “Mançester Ýunaýted” klublary (1,071 mlrd ýewro) ýerleşdi.
Ilkinji onlukda olaryň yzyndan “Liwerpul” (1,065 mlrd ýewro), “Arsenal” (1 mlrd ýewro), “Tottenhem” (974 mln ýewro), “Pari Sen-Žermen” (873 mln ýewro), Madridiň “Realy” (854 mln ýewro), “Nýukasl Ýunaýted” (816 mln ýewro) we Madridiň “Atletikosy” (572 mln ýewro) gelýär.
Ýewropaly däl klublaryň arasynda iň köp çykdajy “Al-Hilýal” saud klubunda hasaba alyndy. Topar 451 mln ýewro bilen umumy reýtingde 19-njy orny eýeleýär.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......