Lamborghini sürüjiniň ýalňyşlyklaryny düzedip biljek akylly superkar döredýär

  • 18.09.2025 10:28
  • 2.6k+

Lamborghini sürüjä häzirki wagtda ýalňyşlyklary düzetmäge we awtoulaga gözegçiligi ýokarlandyrmaga kömek etjek emeli aň döredýär.

Markanyň tehniki direktory Ruwen Moruň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm ýol şertlerine we sürüliş stiline laýyklap torky dolandyrmak üçin maşyn öwreniş elementlerini ulanýar. Geljekde ulgamlar sürüjiniň emosional ýagdaýyny göz öňünde tutup, awtoulagyň hereketini sazlap bilerler.
Bu pikir ýönekeý: eger algoritm sürüjiniň has göçgünli gezelenç isleýändigine “düşünýän” bolsa, awtoulag ýeňiljek süýşmä mümkinçilik berer we torkuň paýlanyşyny üýtgeder. AI öwrümde sürüjiniň ruly aşa köp işleýändigini görse, ulgam öwrülmäniň ýetmezini kemeldip, traýektoriýany düzeder. Şeýlelik bilen, Lamborghini sürmekden lezzet almagy howpsuzlygy ýokarlandyrmak bilen  birleşdirmäge synanyşýar.
Onlarça aýratyn datçigiň ýerini tutýan we maglumatlary gaýtadan işlemegi çaltlaşdyrýan 6D Sensor täze tehnologiýanyň esasy elementi bolar. Bu podweska, durnuklaşdyrma we geçiriş sazlamalaryna häzirki wagtda üýtgeşmeleri girizmäge  mümkinçilik berýär. Ulgamyň ilkinji elementleri eýýäm Fenomeno giperkarynda synagdan geçirildi we ýakyn wagtda önümçilik modellerine ornaşdyrylmagy ähtimal.


16.05.2026 18:14
4.2k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.5k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

25.03.2026 14:51
6k+

Awtoulag senagaty üzül-kesil üýtgeýär: awtoulaglary diňe maşynlar ýygnar

Awtoulaglaryň adam gatyşmazdan ýygnaljak ilkinji doly awtomatlaşdyrylan zawodlary 2030-njy ýylda ABŞ-da ýa-da Hytaýda peýda bolup biler. Gartner we Warburg Research seljerijileriniň baha bermegine görä, doly awtomatlaşdyrmaga geçmek - geljek ýyllaryň meselesi...