1180 at güýçli täze BYD wnedorožnigi 3,5 sekuntda 100-e çykýar. Bahasy 179 800 dollar

  • 18.09.2025 10:31
  • 9k+

Bir ýyl ozal Hytaýyň BYD kompaniýasy ähli tekerleri garaşsyz herekete gelýän, “tank öwrümini” ýerine ýetirmäge we hatda suwda saklanmaga-da ukyply YangWang U8 wnedorožnigi bilen tanyşdyrdy. Indi awtoulag öndürijisi bahasy 179 800 dollar bahasy bolan U8L-iň uzaldylan görnüşini çykardy.

Täze modeliň esasy tapawutly tarapy awtoulagda alty ýolagçyny rahat ýerleşdirmäge we goş goýulýan bölümiň göwrümini 1115 litre çenli saklamaga mümkinçilik berýän arka gyrasy we uzaldylan teker bazasydyr (3050 mm-iň ýerine 3250 mm). Awtoulagyň umumy uzynlygy 5400 mm, ini - 2049 mm, beýikligi - 1921 mm. Ýükdanynyň açylyş täri üýtgedi: aşaky borty serpilip, iki gapdala açylýan goşa gapysy oňa agyr ýükleri ýüklemäge mümkinçilik berýär.
Salonyň ikinji hataryndaky ýolagçylar üçin iň ýokary rahatlyk göz öňünde tutulan: “nol dartyş güýji” funksiýaly, owkalaýjyly, çekip çykarylýan stolly oturgyçlar, simsiz zarýad beriş we 21,4 dýuýmlyk ekran. Gurnalan sowadyjy azyklary sowadyp saklaýar we zerur bolsa bölümiň içindäkini 50 gradusa çenli gyzdyryp bilýär.
Enjamyň 32 dinamikli Dynaudio akustika we üç sany multimediýa paneli bilen üsti ýetirilýär.
Wnedorožnigiň kuwwaty umumy alaňda 1180 at güýji we 55,53 kWt batareýa bolan dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilýär. Awtoulag elektrik çekişinde 200 km ýol geçýär, ýöne iki litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi hem bar - onuň bilen we 90 litrlik ýangyç baky bilen geçýän ýol ätiýaçlygy 1160 km-ä ýetýär. Çalt zarýad beriji stansiýada 30%-den 80%-e çenli zarýad bermek 13,5 minut wagt alýar.
U8L God’s Eye sürüjä kömek ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr: üç sany lidary, bäş radary, 18 kamerasy, datçigi we 300 metre çenli aralykda işleýän teplowizory bar. Awtoulagda 14 sany howa ýassygy, giňeldilen hakykatly proýeksiýa ekrany we ösen ses izolýasiýa ulgamy bar.
Salondaky yşyklandyryş 128 öwüşgini saýlamaga mümkinçilik berýär.
Wnedorožnigiň kuzowyndaky nyşanlar 24 karat altyn bilen bezelipdir. Soňky ýyllaryň şunuň ýaly ajaýyp elektrik awtoulaglary, adatça, bort kameralaryndan ýazga alýan ösen howpsuzlyk ulgamlary bilen gelýär.


düýn 12:11
8.5k+

Dünýäde iň köp satylan awtomobil brendleriniň reýtingi çap edildi: Toyota — lider, BYD top-5-de

Toyota 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda awtomobil satuwynyň möçberi boýunça ägirt uly artykmaçlygy saklaýar – Ýaponiýanyň awtoägirdi 4,73 million sany ulag satdy (ýyllyk görkezijide 6% ösüş). Şol bir wagtda Hytaý öndürijileri BYD we Geely reýtingde öz orunlaryny ep-esli berkitdiler...

05.12.2025 11:42
4k+

BYD batareýadaky kemçiligi sebäpli 90 müň töweregi gibridlerini yzyna gaýtarýar

Hytaýyň BYD awtoulag konserni programma üpjünçiligini täzelemek üçin Hytaýda 90 000 töweregi gibrid ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Bu kompaniýanyň soňky iki aýyň dowamyndaky ikinji gezek yzyna çagyryşydyr...

01.12.2025 14:47
15k+

BYD wnedorožniginiň berkligini ýykylýan palma agajy we 12 tonnalyk awtobus bilen synap gördüler

BYD konserni uzaldylan kaşaň wnedorožnigi bolan Yangwang U8L-i mahabatlandyrmagyň çäklerinde, beýleki zatlar bilen birlikde ulagyň berkligini we howpsuzlygyny görkezýän kreatiw wideony çykardy. Munuň üçin adaty bolmadyk usul oýlap tapdylar: kuzowyň berkligini onuň üstüne agajy ýykmak arkaly, ramanyň berkdigini bolsa 12 tonnalyk awtobus arkaly synagdan geçirdiler...

27.10.2025 09:24
3.8k+

BYD-yň giperkary Nýurburgringde Xiaomi SU7-niň rekordyny täzeledi

BYD konserni Yangwang U9 Xtreme (U9X) elektrik giperkarynyň täze üstünligi barada habar berdi. Kupe Nýurburgring ýolunyň 20,8 kilometrini 6 minut 59,157 sekuntda geçdi. Bu Xiaomi SU7 Ultra sedanyndan 6 sekunt diýen ýaly tizdir...