Kipýegon 1500 m aralyga ylgamakda dördünji gezek dünýä çempionatynda ýeňiji boldy

  • 17.09.2025 15:55
  • 2.3k+

Keniýaly ylgawçy Feýt Kipýegon ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 1500 metr aralyga ylgaw ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Tokiodaky ýaryşlarda türgen ony 3:52,15 netijesi bilen tamamlady.

Kümüş medaly onuň watandaşy Dorkus Ewoý (3:53,92), bürünç medaly awstraliýaly Jessika Hall (3:55,16) aldy.
Kipýegon üçin bu häzirki aralykda karýerasynda dördünji titul boldy. Ozal ol 2017, 2022 we 2023-nji ýyllarda altyn medal alypdy.
Bu ýeňiş 31 ýaşly ylgawça 1500 metr aralyga ylgamakda dört gezek dünýä çempiony bolan marokkoly Gişam el Gerružyň üstünligini gaýtalamaga mümkinçilik berdi.
Mundan başga-da, Kipýegona 5000 metr aralykda 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň altyn medaly degişlidir. Şeýle-de, ol 1500 metr aralygy 3 minut 49 sekuntdan az wagtyň içinde geçmegi başaran ýeke-täk zenan türgen. 2025-nji ýylyň iýulynda Ýujindäki (Orlando ştaty, ABŞ) Brilliant ligasy tapgyrynda ol 3:48,68 görkezijisi bilen dünýä rekordyny täzeledi.
Kipýegon Keniýanyň taryhynda ýeke-täk üç gezek Olimpiýa çempionydyr (2016, 2020 we 2024).


13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....