NesilCoffee tagamlaryň giň toplumyny hödürleýär

  • 17.09.2025 12:09
  • 6.3k+

Diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada iň iri kofe we kofe önümlerini öndürijileriň biri bolan NesilCoffee kompaniýasy tagamlaryň giň toplumyny hödürleýär.
2017-nji ýylda esaslandyrylan NesilCoffee brendi bu günki gün kofe bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

NesilCoffee şu aşakdaky görnüşleri hödürleýär:

NesilCoffee Classic – klassiki görnüşli bu kofe däneleri ýakymly ysly bolup, her adamda ýatdan çykmjak dürli miweli, greýpfrut we gaýmagyň tagamyny galdyrýar. Bu kofe görnüşiniň däneleri Latyn Amerikasynda we Afrikanyň dürli künjeklerinde deňiz derejesinden 650-1570 metr belentliklerinde ösdürilip ýetişdirilýär.

NesilCoffee Espresso – kofe däneleri Merkezi we Günorta Amerikanyň iň oňat plantasiýalaryndan ýygnalan saýlama däneleriň nusgawy garyndysydyr. Bu kofe görnüşi gara şokolad, hoz we biraz ajy tagamly bolup süýt goşmak arkaly kapuçino we latte ýasamak üçin naýbaşy tagam bolup durýar.

NesilCoffee Speciale – bu kofe görnüşi hakyky arabica-ny halaýanlar üçin maslahat berilýän tagamdyr. 100% arabica bolan bu kofe görnüşi Günorta Amerikanyň, Afrikanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň iň oňat plantasiýalarynda has inçe el ýygnamak usuly arkaly ýygnalýar we miweleriň, gülleriň we limonyň özüne çekiji ajaýyp tagamyny berýär.

NesilCoffee La Crema – hoşboý ysly, ýumşak tagamly we her özboluşly ajaýyp hem tebigy gaýmagyň tagamynyň lezzetini berýär. Bu kofe däneleri merkezi we günorta Amerikada deňiz derejesinden 600-2000 metr belentlikde ajaýyp howa şertlerinde ýetişdirilýär.

NesilCoffee Intenso – ýakymly gara şokoladyň we hozuň tagamyny özünde jemleýän bu kofeniň däneleri Günorta Amerikanyň, Aziýanyň we Afrikanyň dürli künjekleriniň deňiz derejesinden 570-1800 metr belentliklerinde, ajaýyp tebigy şertlerinde ýetişdirilip ýygnalýar.

NesilCoffee Cappucino – tiz ereýän, 3-si 1-de kapuçino kofesi müşderilere ýumşak, goýaldylan süýt garyndysy bilen ýeňil köpürjikli ajaýyp lezzeti hödürleýär. Bu kofeniň düzümi ýokary derejeli tebigy garyndylardan emele gelýär we dürli barlaglardan geçirilip halkymyza hödülenýär.

NesilCoffee Vanilla Latte – süýji, ýumşak we ýeňil tagamly 3-si 1-de süýtli wanil tagamly kofe görnüşi gaýmagyň we waniliň hoşboý ysy bilen utgaşyp öz ajaýyp tagamyny diňe tebigy önümleriň garyndysynyň sazlaşygy esasynda döredýär.

NesilCoffee Caramel Latte – 3-si 1-de çalt ereýän karamel latte görnüşi kofeniň baý tagamyny, ýakymly gaýmak tagamyny we karameliň özboluşly tagamyny ýokary hilli tebigy goşundylary bilen garyp iň ýakymly lezzeti müşderilerine hödürleýär.

NesilCoffee Coffee Latte – kofeniň özbolulyşly tagamy bilen baýlaşdyrylyp süýdüň ýumşak tagamy bilen garylan 3-si 1-de kofe latte görnüşi özboluşly lezzeti bilen müşderileriň göwnünden turjak tagamy hödürleýär we düzüminde diňe tebigy goşundylary jemleýär.

Habarlaşmak üçin:
+993 137 3 29 69
+993 137 3 29 71
+993 61 28 68 49

E-mail: info@nesilcoffee.com
Web: nesilcoffee.com
TikTok: @nesilcoffee0
Salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby
Tmcars: NesilCoffee


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......