Armani iki wesýetnama goýup gitdi: onuň imperiýasyny kim miras alar?

  • 15.09.2025 09:52
  • 9.4k+

4-nji sentýabrda 91 ýaşynda aradan çykan Jorjo Armani iki wesýetnama galdyrdy. Modelýeriň çagasy ýok, diňe üç ýegeni we kiçi uýasy bar. Şol bir wagtyň özünde, Armani Italiýanyň iň baý adamlarynyň biri bolupdy we ýakynda onuň şahsy baýlygy 11,6 mlrd dollar diýlip hasaplandy.

Armani moda öýüniň esaslandyryjysy öz kompaniýasynyň ýeke-täk paýdary we döredijilik müdiri, şeýle-de müdirler geňeşiniň başlygydy. Brendiň bütin dünýäde 2 müňden gowrak dükany we butigi bar, 2024-nji ýylda onuň girdejisi, takmynan, 2,3 mlrd ýewro boldy.
ANSA agentligi modelýeriň wesýetnamalarynyň 2025-nji ýylyň 15-nji martynda we 5-nji aprelinde elden ýazylandygyny habar berýär. Notarius Ýelena Terrengi olary 9-njy sentýabrda, modelýeriň jaýlanan gününiň ertesi açdy.
La Repubblica gazetiniň maglumatlaryna görä, Armani kompaniýasy modelýeriň ýakynlary tarapyndan dolandyrylýan Armani adyndaky gaznanyň dolandyrmagyna geçdi. Ýöne 18 aýyň içinde gazna kompaniýanyň 15%-ini lýuks pudagyndaky uly oýunçylara satmaly. Bu meselede LVMH fransuz konserni, şeýle-de EssilorLuxottica we L’Oreal italýan kompaniýalary ileri tutulýar. Paýlar şeýle derejeli beýleki kompaniýalara-da berlip bilner.
Geljekde satmak üçin paýlar 54,9%-e çenli artdyrylar, ýöne gözegçilik bukjasy gaznanyň özünde galar. Şeýle-de, paýnamalary biržada ýerleşdirmek mümkinçiligi-de göz öňünde tutulýar.
Gaznada ses bermek hukugyny Armaniniň ýegenleri, şeýle-de onuň öňki kömekçisi Pantaleo dell Orko aldy. Wesýetnamalaryň doly mazmuny açylyp görkezilmeýär.
Ozal Financial Times bilen söhbetdeşlikde modelýer brendiň miras meýilnamasyny “örän oýlanyşykly seresaplylyk” bilen taýýarlandygyny aýdypdy.
Armani Milanda aradan çykdy. Onuň ölüminiň sebäbi aýdylmaýar, ýöne soňky ýyllarda KHBS-de onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy barada habarlar peýda boldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....