NASA Perseverance-yň tapyndysyny Marsdaky ýaşaýşyň iň ygtybarly subutnamasy diýip atlandyrdy

  • 15.09.2025 09:50
  • 2.8k+

NASA-nyň Marsda hereket edýän Perseverance enjamy tarapyndan ýygnalan nusga gadymy mikrob durmuşynyň yzlaryny saklap biler. Bu barada 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Nature žurnalynda neşir edilen NASA-nyň ylmy gözleginde aýdylýar. Agentlik bu açyşyň Marsda ýaşaýşyň bolup bilmeginiň iň ygtybarly subutnamasydygyny belleýär.

Gürrüň Cheyava Falls daşy barada gidýär. Ondan alnan Sapphire Canyon atly materialda biosignaturalar – biologiki gelip çykyşy görkezip biljek maddalar ýa-da gurluşlar ýüze çykaryldy.
Perseverance 2021-nji ýylda Ýezero kraterinde gondy. 2024-nji ýylda ol gaýalaryň üstünde “gülälek tohumlary” we “bars tegmilleri” adyny alan üýtgeşik emele gelmeleri tapdy. Seljerme olarda biologiki reaksiýalaryň netijesi bolup biljek demriň we kükürdiň birleşmesiniň bardygyny görkezdi.
Alymlar şeýle minerallaryň janly organizmler gatnaşmazdan emele gelip bilendigini, ýöne munuň üçin, iň bolmanda, ylma heniz belli bolmadyk aýratyn şertleriň gerekdigini belleýär. Gutarnykly netijeleri 2030-njy ýyllarda nusgalar Ýere getirilenden soň kesgitläp bolar. 


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......