Nissan Z kupesi 300ZX we GT-R sport awtoulaglarynyň äheňinde ýörite nusgada çykdy

  • 14.09.2025 21:16
  • 2.7k+

Nissan Z kupesi 1989-njy ýylyň 300ZX modeline bagyşlanan çäkli Heritage Edition görnüşinde çykaryldy. Ýörite bezegli we aksessuarly bukjadaky görnüşiniň bahasy 2940 dollar.

Awtoulag öň markanyň GT-R ýaly sport modellerinde ulanylan Midnight Purple (ýarygije-benewşe) reňkine boýaldy. Kuzowyň aşaky böleginden bürünç zolak geçýär, 19 dýuýmlyk diskalar hem şol reňke boýalan. Yz tarapyna Twin Turbo ýazgyly ugleplastik spoýler oturdyldy.
Salonynda üýtgeşme gaty az: nagyş salnan halyçalar we bosaga esbaplary. Galan ýagdaýda model adaty Nissan Z bilen birmeňzeşdir.
Heritage Edition bukjasy diňe şonsuzam kämilleşdirilen tormozlar we çäkli süýtülme diferensiýasy göz öňünde tutulan Performance bezeginde elýeterlidir. ABŞ-da Performance wersiýasynyň bahasy alty tizlikli mehaniki gutulysy hem, dokuz tizlikli awtomat gutulysy hem 53 müň dollardan başlaýar. Heritage bukjasyny göz öňüne tutmak bilen, bahasy 3000 dollar töweregi gymmatlaýar.
Awtoulagyň tehniki bölegi üýtgemedi: üç litrlik V6 405 at güýjüni we 475 Nm torky öndürýär. Şeýle hem, 420 at güýjçli, gaty kuzowly we kämilleşdirilen aerodinamikasy bolan podweskaly we täzelenen salonly Nismo wersiýasy bar.


20.04.2026 21:03
4.2k+

2026-njy ýylyň Nissan Sentra ulagy IIHS-iň howpsuzlyk boýunça iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň täzelenen Nissan Sentra sedany IIHS amerikan ätiýaçlandyryş institutynyň howpsuzlyk boýunça iň ýokary Top Safety Pick+ bahasyna mynasyp boldy....

14.04.2026 20:19
3.2k+

Nissan kompaniýasy rowaýata öwrülen Xterra-ny we X-Trail-iň, Juke-yň we Skyline-yň täze nesillerini yzyna getirýär

Nissan kompaniýasy öz ösüş strategiýasyny täzeledi, global modelleriniň sanawyny 56-dan 45-e çenli azaltjakdygyny we awtoulaglarynyň 90% -inde emeli aňyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi....

22.03.2026 04:10
2.2k+

Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler...

13.03.2026 07:23
2.2k+

Nissan 2026-njy ýylyň täzelenen X-Trail krossowerini hödürledi

Nissan kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin X-Trail krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobil daşky görnüşinde ujypsyzja üýtgeşmelere, täze programma üpjünçiligine we sürüji üçin kämilleşdirilen kömekçi ulgamlaryna eýe boldy...