“Bawariýa” öz stadionynyň öňünde Frans Bekkenbauere ýadygärlik dikdi

  • 14.09.2025 15:30
  • 8.4k+

“Bawariýa” özüniň “Arena Mýunhen” stadionynyň öňünde dabaraly ýagdaýda klubuň we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň meşhur goragçysy Frans Bekkenbauere ýadygärlik açdy.

Klubuň prezidenti Gerbert Haýner täze ýadygärligiň ähmiýetini belläp geçdi. Ol ony bürünçden ýasalan “Bawariýanyň” DNT-siniň bir bölegi” diýip atlandyrdy.

“Ol Bekkenbaueri we onuň durkuny: stilini, häsiýetini we “Bawariýany” alamatlandyrýar. Mýunhen üçin bu ýönekeý bir ýadygärlik däl-de, tekepbir, özüne ynamly, nepis we sada şäheriň özüniň şöhlelenmesidir” – diýip, toparyň metbugat gullugy Haýneriň sözlerini getirýär.

Frans Bekkenbauer milli ýygyndynyň düzüminde dünýä çempionatyny we Ýewropa çempionatyny utdy. “Bawariýada” goragçy 13 kubok, şol sanda üç Ýewropa çempionlarynyň kubogyny (häzir – UEFA-nyň Çempionlar ligasy) gazandy.


şu gün 14:15
4.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......