Lexus gaýtadan işlenen dizaýn we täze üpjünçilik bilen IS sedanyny görkezdi

  • 11.09.2025 15:01
  • 10k+

Lexus kompaniýasy 2013-nji ýyldan bäri çykýan IS sedanyny üçünji gezek täzeledi. Model gaýtadan işlenen dizaýna, täzelenen interýere, şeýle-de howpsuzlyk we rahat dolandyryş üçin täze çözgütlere eýe boldy.

Hödürlenen suratlarda F Sport wersiýasy görkezilýär. Awtomobil täze radiator gözenegi, öňdäki bamperde üýtgedilen howa ýygnaýjylary, 19 dýuýmlyk tigir diskleri we ulaldylan yzky spoýler bilen üpjün edildi. Lexus logotipi indi bagaž ýeriniň gapagynda ýerleşdirildi, kapotdaky nyşan bolsa aşak süýşürildi. Kuzowyň sekiz reňki bar. Tormoz supportlaryny gyzyl reňkde sargyt edip bolýar.
Salonda diagonaly 12,3 dýuým bolan ulaldylan displeýler oturdyldy. CD pleýer we adaty sagatlar aýryldy.
Inženerler rul dolandyryşyny hem kämilleşdirip, täze elektrik güýçlendirijisini goşdy. Asgyç dört tigiriň ählisinde adaptiw amortizatorlar bilen AVS ulgamyny aldy. Bu dolandyryş rahatlygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle-de, Lexus Safety System + howpsuzlyk ulgamlarynyň toplumy girizildi.
Üýtgedilen Lexus IS-iň satuwy 2026-njy ýylyň başynda başlar. Model IS 300h we IS 350 wersiýalarynda hödürlener. Bäş litrlik V8 (IS 500) hereketlendirijili wersiýa hatardan aýryldy.


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....