Eýnşteýniň skripkasy auksiona goýuldy. Bahasy 400 müň dollar

  • 11.09.2025 00:13
  • 3.2k+

Albert Eýnşteýniň skripkasy Beýik Britaniýada auksionda satylar. Söwdalaşyklar 8-nji oktýabrda Dominic Winter guramasy tarapyndan geçiriler. Saz guralynyň bahasy  270 000 – 405 000 dollar aralygynda bolar.

Eýnşteýn skripkany Germaniýada 1890-njy ýyllarda, entek otnositellik teoriýasynyň awtory we Nobel baýragynyň eýesi hökmünde dünýä meşhur bolmanka edinipdi. Saz çagalykdan onuň durmuşynyň möhüm bölegi bolupdy we ol häli-şindi bu saz  guralyny çalypdyr.
1930-njy ýyllarda milletçiler häkimiýet başyna gelensoň, Eýnşteýn ABŞ-a göçdi. Ol skripkany tigir we filosofiýa kitaby bilen bilelikde kärdeşi Maks fon Lauwa berdi. Iki onýyllykdan soň fon Lau bu zatlary alymyň muşdagy Margareta Hommrihe berdi. Onuň maşgalasy olary 70 ýyldan gowrak saklady we ahyrda Hommrihiň ýuwlugy guraly auksiona goýmak kararyna geldi.
Döwürdeşleri Eýnşteýniň, köplenç, dostlary we kärdeşleri bilen aýdym-saz agşamlaryny geçirendigini gürrüň berdi. Onuň çykyşy professional bolmasa-da, ýürekdenligi we duýgulylygy bilen tapawutlanypdyr. Ol skripkany "bagtlylyk üçin" çalýandygyny we aýdym-sazy möhüm aragatnaşyk serişdesi hasaplaýandygyny aýdýar eken. Iň halanýan kompozitorlary Motsart, Bah we Bethowen bolupdyr. Alym köp ideýalaryň skripka çalýarka kellesine gelendigini boýun alypdyr.


düýn 07:47
1.2k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
3.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.7k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......