Showrunner kompaniýasy Orson Uellesiň 43 minudy ýitirilen hasaplanýan “Ambersonlaryň ajaýyplygy” filmini dikeltmegi maksat edinýär. Bu barada Entertainment Weekly neşiri habar berdi.
Dikeldiş üçin uzyn we çylşyrymly materiallary döretmäge niýetlenen täze emeli aň modeli ulanylar. Taslama akademiki wezipe hasaplanýar we häzirlikçe täjirleşdirilmez.
Emeli aňdan başga-da, işde adaty usullar ulanylar: sahnalary VFX tehnologiýalaryny ulanyp, janly aktýorlar bilen surata düşürmek we ýüzleri asyl ýerine ýetirijileriň keşbi bilen çalyşmak. Şeýle hem, edebi esasyň garalamasyna we arhiw suratlaryna daýanmak meýilleşdirilýär.
1942-nji ýylda prokata çykaly bäri bu film kino taryhynyň iň uly betbagtçylygynyň biri hasaplandy, sebäbi surata düşürilen materalyň 43 minuty studiýa tarapyndan arhiwde ýer açmak we harby zerurlyk bilen bagly nitrat plýonkany eretmek üçin ýok edilipdir.
Taslamanyň direktory Braýan Rouz hereket edýän kamera bilen surata düşürilen dört minutlyk üznüksiz planyň aýratyn gymmatlydygyny belledi.
"Kamera zalyň bir töründen süýşüp gaýtmak bilen, soň ýene yzyna gidýär, şol wagtyň özünde onlarça dürli gahryman kadra girýär we ondan çykýar hem-de gapdal ýordum ugurlary biri-biri bilen eriş-argaç bolup geçýär. Bu wagtdan ozmakdy. Ýöne bu planyň soňky 50 sekundyndan özge hemmesi kesilip aýrylypdyr."