Doly agaçdan ýasalan Bentley Continental GT satuwa çykaryldy, onuň üçin $100 müň soralýar

  • 04.09.2025 19:46
  • 17k+

eBay saýtynda Bentley Continental GT ulagynyň ähli bölekleri diýen ýaly agaçdan ýasalan doly göwrümli nusgasy satuwa çykaryldy. “Awtopilot” saýtynyň habar bermegine görä, ony döredijiler ulag üçin, takmynan, 100 müň dollar almak isleýär, bu bolsa hakyky Bentley-iň bahasyna golaýdyr.

Hünärmenler ulagyň agaç modeliniň örän ýokary hilli ýasalandygyny belleýär. Onuň göwrümi hakyky ulagdan biraz tapawutlanýar, ýöne her bir detal dykgatly işlenipdir. Nusganyň agramy 907 kg barabar.
Içinde enjam paneliniň her bir elementi hakyky ýaly görünýär. Interýer, rul we öňdäki panel ideal derejede göçürilip taýýarlanypdyr, oturgyçlardaky haşamlar bolsa firma tikinlerine meňzeýär.
Awtomobiliň gapylary petlede bolup, açylýar. Ulagyň diňe akril aýnalary we polat oklary agaçdan ýasalmady. Reýkaly rul mehanizminiň netijesinde ulag, haýal bolsa-da, hereket edip bilýär. 


27.02.2026 21:47
6.4k+

Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar

Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr...

02.02.2026 10:30
2.5k+

Bentley «Bentayga X» wnedorožnik prototipini tanyşdyrdy

Bentley kompaniýasy Awstriýanyň Sell-am-Zee şäherinde geçirilen buzly ýaryşlaryň çäklerinde Bentayga X prototipini görkezdi. Täze model krossoweriň ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Bentayga Speed wersiýasynyň kämilleşdirilen görnüşidir...

24.01.2026 15:48
3.5k+

Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady

Bentley kompaniýasy brendiň taryhyndaky iň depginli gysga metražly film diýlip atlandyrylýan wideoşekili köpçülige hödürledi. Roligiň baş gahrymanlary — meşhur ekstremal sürüji, «Jimhana» seriýasyny esaslandyryjylaryň biri Trewis Pastrana hem-de ýaňy-ýakynda tanyşdyrylan kuwwatly Bentley Continental Supersports awtomobili boldy...

28.10.2025 19:05
7.7k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...