Iň gymmat ýaşaýyş jaýlary bolan şäherleriň sanawy düzüldi

  • 03.09.2025 17:08
  • 14k+

Ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy bütin dünýäde ýokarlanýar, ýöne käbir şäherlerde bu ösüş aýratyn göze ilýär. Esasy sebäbi - boş ýeriň ýetmezçiligi hem-de öýlere we jaýlara bolan islegiň ýokary bolmagy. Birnäçe megapolislerde ýaşaýyş jaýynyň ortaça bahasy maşgalanyň ýyllyk girdejisinden 10, 12 we hatda 14 esse ýokarydyr.

Visual Capitalist portalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, Aziýanyň megapolisi bolan Gonkong iň gymmat ýaşaýyş jaýly şäherleriň sanawynda öňdebaryjy boldy.
Barlag 94 şäheriň ýaşaýyş jaý bahalaryny we ýaşaýjylarynyň girdejilerini deňeşdirdi. Ilkinji 20-lige Demirgazyk Amerikanyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we Beýik Britaniýanyň iň uly şäherleri girdi. Londonyň iki gezek reýtinge girendigini bellemelidiris, ýagny şäheriň özünde we şäheriň etegindäki ýaşaýyş jaýlar toplumlarynyň hem gaty gymmatdygy bilen tapawutlandy.
Iň gymmat ýaşaýyş jaýly şäherler (jaýyň ortaça bahasynyň maşgalanyň ýyllyk girdejisine bolan gatnaşygy, esse):

  • Gonkong – 14,4
  • Sidneý – 13,8
  • San-Hose – 12,1
  • Wankuwer – 11,8
  • Los-Anjeles – 11,2
  • Adelaýd - 10.9
  • Gonolulu – 10,8
  • San-Fransisko - 10
  • Melburn – 9,7
  • San-Diýego – 9,5
  • Brisben – 9,3
  • Uly London – 9,1
  • Toronto – 8,4
  • Pert – 8,3
  • Maýami – 8,1
  • Oklend – 7,7
  • Bristol aglomerasiýasy - Bat (Angliýa) – 7,5
  • Nýu-Ýork – 7,4
  • Uorrington we Çeşir – 7,4
  • Londonyň töwerekleri – 7,3
düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....