Gonkongly talyplar “Gün mobilini” gurup, Awstraliýadaky ýaryşda ýeňiji boldy

  • 05.09.2025 10:34
  • 6k+

Gonkongdan Vocational Training Council topary özüniň guran Sophie 8X elektromobilinde Awstraliýada geçirilen abraýly Bridgestone World Solar Challenge ýaryşynda ýeňiji boldy. Ulag 3021,5 kilometr aralygy geçip, ortaça 68,7 km/sag tizlik bilen 44 sagatda Darwinden Adelaida çenli yklymy kesip geçdi.

Taslamanyň esasy aýratynlygy ulagyň ýeňil bolmagy we energiýany az harçlamagy boldy. Eger adaty elektromobiller, mysal üçin, Tesla Model Y-nyň agramy 1900 kg töweregi bolsa, Sophie 8X-iň agramy 800 kg-den köp däl. 15,2 kWt/sag sygymly akkumulýatoryň agramy bary-ýogy 40 kg barabar, Tesla-nyň batareýasynyň agramy bolsa 770 kg bolup, sygymy 60 kWt/sag-dan gowrakdyr.
Iki orunlyk awtomobiliň üçegi alty inedördül metrlik Gün panelleri bilen örtülen bolup, ol hereket wagty akkumulýatora zarýad berýär. Batareýada energiýa dykyzlygy ýokary bolan (bir kilogram üçin 400 Wt/sag) litiý elementleri ulanyldy. Bu batareýanyň ykjam we ýeňil bolmagyna mümkinçilik berýär.
Awtomobiliň hereketlendirijileri üçünji nesil karbid-kremniý ýarymgeçirijilerinde guruldy. Şeýle tehnologiýa energiýanyň sarp edilişini adaty çözgütler bilen deňeşdireniňde 100 km/sag tizlikde 30% azaldýar.
Ulagyň kuzowy kompýuter modelirlemesiniň kömegi bilen işlenip taýýarlandy, paneller bolsa uglerod süýüminden ýasaldy. Bu howanyň garşylygyny peseldip, awtomobiliň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Sophie 8X jemgyýetçilik ýollarynda hereket etmek üçin ygtyýarnama alan Gonkongda ilkinji “Gün mobili” boldy, bu taslamanyň howpsuzlyk ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýar. Cruiser klasynda gazanylan ýeňiş dogry elektronika eýe bolan ýeňil we aerodinamiki elektromobilleriň adaty elektrokarlardan has netijeli bolup biljekdigini görkezýär. 

düýn 16:08
2.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

18.06.2026 11:16
2.8k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......