Huawei stilusly üç eplenýän Mate XTs smartfonyny hödürledi

  • 05.09.2025 10:48
  • 4.1k+

Huawei stilus goldawyna eýe bolan dünýäde ilkinji üç eplenýän smartfony – täze Mate XTs-i hödürledi. Kompaniýa häzirlikçe şeýle görnüşi hödürleýän ýeke-täk öndüriji bolup galýar.

Mate XTs üç epleme mehanizmi bilen üpjün edildi: ýygnalan görnüşde ekranyň diagonaly 6,4 dýuýma, açyk görnüşde 10,2 dýuýma barabar. Gurluş Kirin 9020 prosessorynda işleýär, hemra aragatnaşygyny goldaýar we üýtgeýän diafragma hem-de kämilleşdirilen teleobýektiw bilen 50 Mp kamerany aldy.
Aýratyn üns stilusa berildi, ol geçenki Mate XT modelinde ýokdy. Şeýle-de, smartfon 5600 mA/sag sygymly akkumulýatora, 66 Wt çalt zarýad alyş kuwwatyna eýe bolup, simsiz zarýad alşy we beýleki enjamlara zarýad bermegi goldaýar.
Täze smartfon HarmonyOS 5.1 bilen işläp, köpugurly funksiýalary we Huawei ekoulgamy bilen baglanyşygy hödürleýär.
Reňk hataryna altyn öwüşginler bilen ak we goýy benewşe goşuldy. Öňki model Mate XT gara we gyzyl reňklerde elýeterli.
Mate XTs-iň bahasy wersiýasyna baglylykda 2520 dollardan 3100 dollar aralygynda üýtgeýär. Smartfon häzirlikçe diňe Hytaýda satylýar, ýöne kompaniýa halkara bazaryna çykmak mümkinçiligini hem öwrenýär.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...