"Eliň asmana ýetip dur": Konýuhow aerostatda Ewerestden hem belende galdy

  • 03.09.2025 23:28
  • 6.2k+

29-njy awgustda meşhur syýahatçy Fýodor Konýuhow we howa şarynda uçujy Iwan Menýaýlo ýylylyk aerostatynda rekord uçuş etdiler. Olaryň şary deňiz derejesinden 10 723 metr belentlige galdy, bu bolsa Ewerestden iki kilometre golaý beýikdir.


Uçuş irden sagat alty töweregi Aleýskiň eteginde amala aşyryldy. Konýuhow öz telegram-kanalynda uçuşyň ilkinji 40 minudynda şaryň 6886 metre ýetendigini gürrüň berdi. 2 sagat 36 minutdan soň ekipaž ýuwaşlyk bilen Ogni obasynyň golaýyna gondy. Gutarnykly netije bortdaky gurallaryň maglumatlary seljerilenden soň sport komissarlary tarapyndan tassyklanar.
Ýere gonandan soň, Konýuhow uçuşyň juda üýtgeşik, ýöne diýseň kyn bolandygyny boýun aldy:

"Sowukdy, -40–45° C. On kilometrden gowrak belentlikde gorelkalar durnuksyz işläp başladylar, birnäçe gezek söndüler, Iwan ikimizem olary täzeden ýakmaly bolduk. Onuň kemçiliklerini düzetsek, geljekde ýeten derejämizi kämilleşdirip biljekdigimizi duýýaryn. Bolsa-da kislorod enjamy kadaly işledi. Eliň asmana ýetip dur. Ýer togalagynda näçe adam şeýle belentlige çykyp bildikä? "




15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....