The Weeknd-iň aýdymy Spotify-yň taryhynda 5 mlrd gezek diňlenen ilkinji aýdym boldy

  • 03.09.2025 23:31
  • 3.9k+

Kanadaly aýdymçy The Weeknd-iň (hakyky ady Eýebl Tesfaýe) Blinding Lights aýdymy Spotify platformasynda absolýut rekord goýdy. Ol 5 mlrd gezek diňlenen ilkinji aýdym boldy. Bu barada hyzmat öz sosial ulgamlarynda habar berdi.

Artist resmi habary öz blogunda paýlaşdy, onuň akkauntynyň 78 milliondan gowrak agzasy bar.
2019-njy ýylyň noýabrynda çykan aýdym häzire çenli uly meşhurlyk gazandy. Ol dört hepdäniň dowamynda Billboard Hot 100 çartynda birinji orny eýeledi we bir ýyllap iň gowy aýdymlaryň ilkinji onlugynda galyp, şeýle netije gazanan ilkinji aýdym boldy.
2021-nji ýylyň noýabrynda Blinding Lights aýdymy Billboard's Greatest of All Time Hot 100 reýtinginde Çabbi Çekkeriň 1958-nji ýyldaky The Twist aýdymyndan öňe geçdi. Täze rekorda ýetmezden ozal aýdym Billboard Top Hot R&B/Hip-Hop Songs of the 21st Century çartyna-da girdi.
2024-nji ýylyň ýanwarynda aýdym Spotify-yň taryhynda 4 mlrd diňlemeden geçen ilkinji aýdym boldy.

“Men hiç haçan döredýän eserlerimiň, milliardlarça diýmek beýle-de dursun, millionlarça adama ýol tapýandygyna haýran galmagymy bes etmerin! Men bu aýdymyň adamlaryň özüni diňlemek üçin ýene yzyna geler ýaly derejede duýmagyna sebäp bolýandygyna örän minnetdar” – diýip, The Weeknd aýdypdy.


15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....