Hloýa Mal Vogue žurnalynyň baş redaktory boldy. Bu wezipede ol Anna Wintury çalyşdy

  • 03.09.2025 17:06
  • 6.1k+

Vogue amerikan žurnalynyň täze baş redaktory Hloýa Mal boldy. Ozal Mal žurnalyň baş saýtynyň – Vogue.com-yň redaktory wezipesini eýeleýärdi.

Saýtdan daşary 2022-nji ýyldan bäri Mal Britaniýada çykýan Vogue-nyň ýolbaşçysy Çioma Nnadi bilen bilelikde žurnalyň “The Run-Through with Vogue” podkastyny alyp barýardy.
Täze wezipede Hloýa Mal häzirkizaman moda dünýäsinde iň tanymal şahsyýetleriň biri bolan Anna Winturyň ornuny eýelär. Ol bu wezipeden 37 ýyl işläninden soň iýunda gitdi. Şol bir wagtyň özünde, Wintur Vogue-nyň global redaksion direktory, şeýle-de Condé Nast kontenti boýunça global direktor bolup galdy we GQ, Architectural Digest, Vanity Fair, Bon Appétit we Teen Vogue ýaly neşirleriň işine gözegçilik edýär diýip, CNN teleýaýlymy belleýär.
Hloýa Mal 39 ýaşynda. Ol aktrisa Kendis Bergen bilen režissýor Lui Malyň gyzy. 2011-nji ýyldan bäri Vogue-da işleýär, şeýle-de The New York TimesThe Wall Street Journal  we beýleki neşirler üçin hem makala ýazdy. Täze wezipede ol çap we sanly görnüşlerde Vogue-nyň gündelik işine jogap berer, ýöne gönüden-göni Wintura hasabat berer.
Synçy Loren Şerman Puck neşiri üçin materialda Anna Winturyň dalaşgärlere brendi aktual kontenti döretmek boýunça “maşyna” öwrüp biljek žurnalisti tapmalydygyny aýtmak bilen, oýlanyşykly hereket edendigini ýazýar. 

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....