Hytaý dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny işe girizdi

  • 03.09.2025 16:58
  • 5.9k+

Hytaýyň Dongfang Electric kompaniýasy 26 megawatt kuwwaty bolan dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny oturtdy. Bu barada Interesting Engineering neşiri habar berýär.

Mundan ozal Daniýanyň kenarynda oturdylan kuwwaty 21,5 megawat bolan Siemens Gamesa turbinasy öňdeligi eýeleýärdi, emma Hytaýyň täze taslamasy bu görkezijiden ýokary boldy.
Turbinanyň beýikligi 185 metr, rotorynyň diametri - 310 metr. Perleriniň gerimi 77 müň inedördül metr meýdany eýeleýär, bu on futbol meýdançasyna deňdir. Gurluş  ýeliň sagatda 200 kilometre çenli tizligine çydap bilýän 30 müňden gowrak bölegi öz içine alýar. Onuň goragy üçin häzirki zamanyň poslama garşy tehnologiýalary ulanylýar.
Turbina energiýa toruna birikdirilenden soň, ortaça sekuntda 10 metr tizlik bilen ýylda 100 gigawat-sagat elektrik energiýasyny öndürip biler. Bu takmynan 55 000 hojalygy energiýa bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir.
Täze gurluşyň işlemegi Hytaýa ýylda 30 000 tonna kömür tygşytlamaga we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 80 000 tonna azaltmaga mümkinçilik berer diýlip çaklanylýar.


17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....