ABŞ-nyň ýaşaýjysy 3,5 müň Crocs aýakgabyny ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 03.09.2025 11:48
  • 9k+

Konnektikut ştatyndan (ABŞ) internetde “Krokodil” lakamy bilen tanalýan Dugi Sandtiger 3,5 müň Crocs aýakgabyndan kolleksiýa ýygnady. Bu barada News 8 habar berýär.

Sandtigeriň üýtgeşik aýakgap bilen gyzyklanmasy tötänleýin ýüze çykdy. Çagalar öýünde we öweý maşgalalarda ýaşamagy onuň soňky durmuşyna täsir etdi.
Ol, mysal üçin, häli-häzire çenli bagjyk daňmagy öwrenmedi. “Men ululardan kömek soramaga örän utanýardym. Ýyl geçdigisaýyn ýaşym ulalsa-da, “Men häzirem nädip bagjyk daňmalydygyny bilemok” diýip pikir edýärdim. Indi bu birhili geň görünýär” – diýip, Sandtiger belleýär. Bu ýagdaý hem onuň rahat Crocs aýakgabyny saýlamagyna itergi berdi. Onuň kolleksiýasynda hatda öý haýwanlary üçin aýakgaplar, şol sanda itler üçin rezin şypbyk bar.
Aýakgaby saýlamak bilen Dugi durmuşa bolan özboluşly çemeleşmesini görkezýär. Bir gün ol öz hekaýatynyň giň köpçülige belli bolmalydygy baradaky netijä geldi. “Ginnesiň dünýä rekordyny täzelemek ýa-da goýmak we Ginnesiň kitabynda bolmak – bu iki aýry iş” – diýip, ol aýtdy.
Sandtiger 2024-nji ýylyň noýabrynda iň uly Crocs kolleksiýasynyň eýesi hökmünde rekord goýdy. Rekord onuň öz dogduk şäheri Uezersfildde tassyklandy. Bilermenleriň hasaplamasyna görä, ol kolleksiýa üçin ýüzlerçe müň dollar sarp etdi, ýöne şunuň bilen saklanmak islemeýär. Ol Crocsium ady bilen muzeý açmagy meýilleşdirýär. 


şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....