Edinburgly üç dogan Jeými, Ýuen we Lahlan Makleýnler Ýuwaş ummanyndan kürekli gaýykda ýüzüp geçmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdular. BBC-niň habar bermegine görä, olar Peruwyň kenaryndan Awstraliýa çenli 14 848 kilometr aralygy 139 gün, 5 sagat 52 minutda ýüzüp geçdiler.
Ondan öň bu rekord 162 gün bolup, 2014-nji ýylda Fýodor Konýuhow tarapyndan goýlupdy.
Ýüzüşiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylar ätiýaçlyklaryny doldurmak üçin adalara baryp ýa-da gämilerden kömek alyp bilmeýärdiler. Gaýykda 500 kilogram submilirlenen azyk, 75 kilogram süle we adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin garmak bardy.
Bu ugur tropiki tupanlary öz içine alýan howplardan doludy. Biriniň dowamynda suw Lahlany gaýykdan agdardy, ýöne ony ýene gaýyga mündürmek başartdy. Lahlanyň sözlerine görä, "Biziň iň güýçli tarapymyz - biz doganlar. Biz birek-birek bilen açyk gürleşip bilýärdik, umumy taryhymyz bar - bu tersleşmezlige kömek edýär".
Awstraliýanyň Kerns şäherine gelenlerinden soň, doganlar maşgalasy we dostlary bilen duşuşdy. Iň uly arzuwlarynyň pizza iýmek we ukudan doýmak bolandygyny aýtdylar. Jeými bu syýahatyň fiziki we ruhy taýdan kyn synag bolandygyny belläp geçdi, ýöne bu ýatdan çykmajak täsir galdyrypdy - kitler we delfinler bilen bolan duşuşyklardan başlap, ýyldyzly asmana çenli täsinlikdi.
Doganlaryň ýüzüş eden gaýyklary 1996-njy ýylda ýogalan aýal doganlary Rouz Emiliniň adyny göterýär. Ekspedisiýanyň haýyr-sahawat häsiýeti hem bar: rekord eýeleri Madagaskaryň ilatyny arassa suw bilen üpjün etmek boýunça taslamalary üçin 945 müň dollardan gowrak pul toplamagy başardylar.