Infinix Hot 60 Pro+ dünýäde egri displeýli iň inçe smartfon diýlip ykrar edildi

  • 02.09.2025 14:57
  • 6.8k+

Bir aý töweregi mundan ozal dünýä bazarynda hödürlenen Infinix Hot 60 Pro+ Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan egri 3D displeýli iň inçe smartfon diýlip resmi taýdan ykrar edildi. Onuň korpusynyň ýogynlygy 5,95 mm barabar.

Şahadatnamanyň gowşurylyşy Indoneziýanyň Borobudur ybadathanasynda geçirildi. Çäre Indoneziýada smartfon satuwynyň başlanmagyna gabat geldi. Rekordy tassyklatmak üçin kompaniýa ILAC tarapyndan akkreditlenen barlaghana ýüz tutdy. Smartfon on dürli nokatda lazer bilen ölçendi. Barlaghana korpusyň ýogynlygynyň iň inçe ýerde 5,95 mm we iň ýogyn ýerde 6,09 mm barabardygyny tassyklady we rekordy hasaba almak üçin hut soňky görkeziji ulanyldy.
Ultra inçe korpusdan başga-da, Infinix Hot 60 Pro+ smartfonynyň agramy 155 g bolup, 5160 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edildi. Deňeşdirmek üçin, has gymmat Samsung Galaxy S25 Edge-iň ýogynlygy 5,8 mm, agramy 163,8 g bolup, 3900 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy.
Infinix smartfony Helio G200 çibi we täzelenme ýygylygy 144 Gs we durulygy 1224p bolan 6,78 dýuýmlyk egri AMOLED displeýi, 50 Mp esasy kamera bilen üpjün edildi. Gurluş 45 Wt çalt simli zarýad alşy we beýleki enjamlara 10 Wt zarýad berşi goldaýar. 


düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....