TikTok-yň eýesi ByteDance girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam boldy

  • 01.09.2025 14:18
  • 4.3k+

Meşhur TikTok programmasynyň eýesi bolan ByteDance kompaniýasy işgärlerden paýnamalary yzyna satyn almagyň täze tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyr kompaniýanynyň bahasynyň 330 mlrd dollardan gowrak bolmagyna getirer, bu bolsa öňki 315 mlrd dollar bahadan ýokarydyr diýip, Reuters habar berýär.

Işgärlere her paý üçin 200,41 dollar teklip ediler, bu ýarym ýyl ozalky bahadan ($189,90) 5,5% köpdür. Programma güýzde başlaýar we ByteDance-iň girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam hökmünde ornuny berkitmäge gönükdirilendir.
2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde kompaniýanyň girdejisi 25% artyp, takmynan, 48 mlrd dollar boldy. Girdejileriň esasy bölegi hytaý bazaryndan geldi. ByteDance bu görkeziji boýunça Meta-dan (Facebook we Instagram) öňe geçdi, onuň girdejisi birinji çärýekde ByteDance-iň 43 mlrd dollary bilen deňeşdirilende 42,3 mlrd dollar boldy.
Şol bir wagtyň özünde kompaniýa ABŞ-da syýasy basyşa sezewar bolmagyny dowam etdirýär, bu ýerde TikTok-yň amerikan bölümçesini aýratynlandyrmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar.
ByteDance ýylda iki gezek paýlary yzyna satyn alyp, işgärlere öz paýlarynyň bir bölegini satmaga mümkinçilik berýär. SpaceX we OpenAI ýaly beýleki uly hususy kompaniýalardan tapawutlylykda, ByteDance bu şertnamalary öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirýär, bu hem ýokary maliýe durnuklylygyny görkezýär.
Mundan başga-da, kompaniýa emeli aň ulgamyna işjeň maýa goýýar: Nvidia çiplerini satyn alýar, infrastrukturany ösdürýär we öz EA modellerini döredýär. 


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....