Labubu oýunjaklaryny öndüriji dünýäniň iň baý 100 adamynyň hataryna girdi

  • 30.08.2025 18:41
  • 11k+

Labubu oýunjaklaryny öndürýän Hytaýyň Pop Mart dükanlar ulgamynyň eýesi Wan Nin dünýäniň iň baý adamlarynyň Bloomberg Billionaires Index reýtingine girdi. Ol 26,5 mlrd dollar baýlygy bilen 85-nji orny eýeledi.

Ýylyň başyndan bäri hytaýly işewüriň emlägi 18,8 mlrd dollar artdy.
Labubu gahrymany on ýyl mundan ozal The Monsters kitaby üçin dizaýner Kasing Lung tarapyndan oýlanyp tapyldy. Bu ýiti dişli we uly gulakly jandar muşdaklaryň arasynda meşhur boldy. 2019-njy ýylda Pop Mart kompaniýasy Labubu oýunjaklaryny dürli reňkli brelok görnüşinde çykaryp başlady. Olar garaşylmadyk sowgat gutularynda satylýar we alyjylar haýsy oýunjagyň düşjekdigini öňünden bilmeýär. Şeýle usul satuwa itergi berdi: adamlar tutuş kolleksiýany ýygnamak üçin has köp satyn almaga başlady.
Iň baý adamlaryň reýtinginde birinji orny amerikaly telekeçi Ilon Mask eýeleýär – onuň baýlygy 386 mlrd dollara barabar. Ikinji orunda 289 mlrd dollar bilen Oracle korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri Larri Ellison ýerleşýär, ýylyň başyndan bäri onuň baýlygy 96,4 mlrd dollar artdy. Üçünji orny Meta kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg eýeleýär, onuň baýlygy 55,2 mlrd dollar artyp, 262 mlrd dollar boldy.
Şeýle-de, bäşlige Amazon-yň esaslandyryjysy we Blue Origin aerokosmos kompaniýasynyň eýesi Jeff Bezos ($250 mlrd) we Google Alphabet kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Larri Peýj ($185 mlrd) girdi.

şu gün 20:11
493

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

düýn 17:02
2.1k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.2k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.2k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......