Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň esasy tapgyrynyň bijeleri çekildi

  • 30.08.2025 17:55
  • 4.7k+

UEFA Monakoda Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrynyň bije çekişigini geçirdi. Ol ikinji möwsüm 36 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçer. Şol gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropada üçünji möhüm klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň umumy tapgyrynyň hem bije çekişigi geçirildi.Ähli toparlar Şweýsariýa ulgamy boýunça oýnar.
Ýewropa ligasynda her topar dürli garşydaş bilen sekiz oýun oýnar (4 öýde we 4 myhmançylykda).
Iň gowy sekiz topar gönüden-göni 1/8 finala çykar. 9 – 24-nji orunlary eýelän toparlar pleý-off tapgyrynda oýnar, onuň ýeňijileri-de 1/8 finala çykar. Soňra ýaryş utulan çykdy ulgamy boýunça dowam eder.




Ýewropa ligasynyň finaly 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Stambulyň “Beşiktaş” stadionynda geçiriler. Geçen möwsümde ýeňiji “Tottenhem” boldy, ol finalda “Mançester Ýunaýtedi” 1:0 hasabynda utdy.  

Konferensiýa ligasyna gatnaşyjylar umumy tapgyrda alty oýun oýnar (3 öýde we 3 myhmançylykda).
Iň gowy sekiz klub 1/8 finala çykar, tapgyry 9 – 24-nji orunlarda tamamlan toparlar pleý-off tapgyrynda duşuşar.






Konferensiýa ligasynyň finaly 2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Leýpsigdäki “Red Bull” meýdançasynda geçiriler. Geçen möwsümde kubogy Angliýanyň “Çelsisi” aldy, ol finalda ispan “Betisini” 4:1 hasabynda utdy.
Has gyzykly bolup biljek oýunlar:
Ýewropa ligasy

  • “Roma” – “Lill”
  • “Portu” – “Nottingem Forest”
  • “Aston Willa” – “Bolonýa”
  • “Fenerbahçe” – “Aston Willa”
  • “Lion” – “Betis”
  • “Nottingem Forest” – “Betis”

Konferensiýa ligasy

  • “Fiorentina” – Kiýewiň “Dinamosy”
  • “AZ Alkmar” – “Kristal Pelas”
  • “Kristal Pelas” – “Strasburg”
  • “Maýns” – “Fiorentina”.

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......