Huawei tizerde üç eplenýän Mate XTs smartfonyny resmi tanyşdyryşdan öň görkezdi

  • 30.08.2025 18:08
  • 3.8k+

Huawei kompaniýasy ikinji nesil Mate XTs eplenýän smartfonynyň tizerini görkezdi. Onuň resmi tanyşdyrylyşy 4-nji sentýabrda Şençžende bolar.


Täze smartfon öňki modeliň dizaýnynyň esasy elementlerini: digir-digir çarçuwany, sekizburç kamera bloguny we S şekilli eplenmäni saklar (şarnirleriň biri ekrany daşyna, beýlekisi içine epleýär). Şol bir wagtyň özünde täze reňkler hödürlener – tizerde ak-altyn reňkli görnüş görkezilýär.
Ozal smartfonyň stilusy goldap biljekdigi barada habar peýda boldy, bu hem Mate XTs-iň aýratynlygy bolup biler. 9to5Google neşiri Samsung-yň Galaxy Z Fold 7-de S Pen-iň ýokdugy üçin tankytlanýan döwründe munuň Huawei kompaniýasyna artykmaçlyk berip biljekdigini ýazýar.
Weibo sosial ulgamyndan Digital Chat Station insaýderiniň maglumatlaryna görä, smartfon Kirin 9020 prosessoryna we hemra aragatnaşygy mümkinçiligine eýe bolar. Şeýle-de, benewşe reňkli görnüşiň bolmagyna garaşylýar, ýöne ol entek resmi taýdan görkezilmedi.
Mate XTs-iň çykmagy Huawei-ni üç eplenýän smartfonyň ikinji neslini çykaran ilkinji kompaniýa öwrer. Samsung hem ýylyň ahyryna çenli Galaxy Z Trifold çen-takmyn ady bilen öz gurluşyny çykarmagy meýilleşdirýär. 


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...