Hytaýda soňky 30 ýylda ilkinji gezek dýugon göründi: bu jandar ýitip giden hasaplanypdy

  • 29.08.2025 19:56
  • 13k+

Hytaýda Günorta-Hytaý deňziniň Nanşa arhipelagyndaky Ýunşu rifiniň töwereginde 2022-nji ýylda ýurtda resmi taýdan ýitip giden diýlip ykrar edilen suw süýdemdirijileriniň bir görnüşi – dýugon göründi. Bu barada China Daily habar berýär.

Ilkinji gezek bu jandara 8-nji iýulda syn edildi. Günorta-Hytaý deňziniň Okeanologiýa institutynyň alymlary ony yzarlap, hakykatdanam, şol görnüşdigini gutarnykly tassyklap bildi.
Dýugonlar 70 ýyl töweregi ýaşaýar, ýöne olarda dogluş derejesi pes. Olaryň agramy 500 kg çenli bolup, uzynlygy üç metre ýetip bilýär. Olar, esasan, ekoulgamy saklamaga kömek edýän deňiz otlary bilen iýmitlenýär.
Bu soňky 30 ýylda Hytaýda dýugona syn edilmeginiň ilkinji tassyklanan ýagdaýy boldy. Ozal 2008-nji ýylda ýurtda diňe jandaryň öli görnüşi tapylypdy.
Ylmy gözlegçiler jandaryň peýda bolmagyny sebitiň ekoulgamynyň ýagdaýynyň gowulaşmagy bilen baglanyşdyrýar. Hytaýda dýugonlar birinji derejeli döwlet goragynyň astyndadyr, Halkara tebigaty goraýyş birleşigi bolsa olary ejiz görnüşleriň hataryna degişli edýär.


düýn 11:17
3.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....