ABŞ-da 2030-njy ýyla çenli guruljak geljegiň şäheriniň - Telosanyň render suratlary görkezildi

  • 27.08.2025 16:14
  • 15k+

Daniýaly arhitektor Býarke Ingels hem-de onuň BIG studiýasy täze şäher — Telosanyň ilkinji şekillerini görkezdiler. Bu megapolisi gurmak pikiri amerikaly milliarder Mark Loranyň taslamasydyr.

Täze şäher ABŞ-nyň Newada ştatynyň çölünde dolulygyna noldan gurlar.
Telosa dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa we häzirki zaman şäherleriniň biri bolmagy maksat edinýär. Şeýle hem şäherde robotlaşdyrylan tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna garaşylýar.
Meýilnama görä, 2050-nji ýyla çenli şäherde takmynan bäş million adam ýaşar, ilkinji ýaşaýjylar bolsa eýýäm 2030-njy ýylda öýlere ýerleşip bilerler.




26.01.2026 13:11
1.8k+

Southwest Airlines ABŞ-nyň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtinginde birinji boldy

«The Wall Street Journal» amerikan gazeti ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürläp, dokuz awiagatnadyjynyň iş görkezijilerine baha berdi. Ýylyň jemi boýunça ýolagçy sany nukdaýnazaryndan ýurduň iň uly içerki awiakompaniýasy bolan Southwest Airlines öňdebaryjy hökmünde saýlandy...

19.12.2025 17:21
14k+

ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi...

18.12.2025 11:29
21k+

ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünlerine ýeňillikler girizildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirmeleri ýatyrdy. Degişli üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen Ak Tamyň täzelenen Kararynda berkidildi...

09.11.2025 19:10
5.3k+

Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy

Dubaý ýokary girdejili adamlar üçin iň özüne çekiji şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýting Savills Plc emläk dellaly tarapyndan düzüldi. Barlagda dünýäniň 30 megapolisine baha berildi. Dubaý miras we kapital ösüşi üçin salgytlaryň ýokdugy, ösen infrastrukturasy, howpsuzlygyň ýokary derejesi we halkara mekdepleriň has köpdügi bilen reýtingiň başyna çykdy...