Inga Ruginene Litwanyň täze premýer-ministri boldy

  • 26.08.2025 16:31
  • 10k+

Litwanyň parlamenti Inga Rugineneni ýurduň premýer-ministri wezipesine tassyklady. Bu barada Litwanyň radiosy we telewideniýesi (LRT) habar berdi.

Ses berişlik açyk ýagdaýda geçirildi. Litwanyň sosial-demokratik partiýasynyň 44 ýaşly wekiliniň dalaşgärligini parlamentiň 127 deputatynyň 78-isi goldady, 35-isi garşy çykdy, 14-üsi saklandy.
Ruginene 1981-nji ýylda Trakaýda dünýä indi. Ol Wilnýus uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetinda okady we tokaý hojalygynyň we daşky gurşaw inženerliginiň Kaunas kollejinde magistr derejesini aldy. 2018-nji ýyldan bäri Litwanyň kärdeşler arkalaşygynyň konfederasiýasyna ýolbaşçylyk etdi, 2024-nji ýylyň dekabryndan bolsa sosial gorag we zähmet ministri wezipesini eýeledi.
Konstitusiýa laýyklykda, premýer-ministr parlamentiň tassyklamagy bilen Prezident tarapyndan bellenýär. Prezident Gitanas Nauseda Rugineneniň dalaşgärligini ozal mejlisde hödürläpdi, häzir bolsa ol parlament tarapyndan tassyklandy.
Ondan öň premýer-ministr wezipesini Gintautas Paluskas eýeledi. Iýulyň ahyrynda ol korrupsiýa dawasy sebäpli işden çekildi. 


23.06.2026 14:16
5.1k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......