Täze Lexus NX 2026 krossoweri hödürlendi

  • 26.08.2025 13:44
  • 6k+

Lexus Hytaýda 2026-njy model ýylynyň NX krossowerini hödürledi. Awtomobil 299,8 müň ýuandan 509,8 müň ýuana çenli (takmynan, 42 müň ABŞ dollaryndan 71 müň dollara çenli) baha bilen alty görnüşde çykarylar.

Model uly radiator gözenegi we matrisa çyralary bilen markanyň firma dizaýnyny saklap galdy. Kuzow üçin dokuz reňk elýeterli. Salonda 7 dýuým ekranly sanly enjam paneli, CarPlay goldawy bilen uly multimedia displeýi we üç keýeli rul oturdyldy. Şeýle-de, CarLife we CarPlay arkaly multimedia ulgamyny mobil gurluşlar bilen baglanyşdyrmak bolýar. Üpjünçilige elektrik düwmeleriň kömegi bilen sazlanýan we gyzdyrylýan aýnalar, klimat-gözegçilik, adaptiw kruiz-dolandyryş, deri bezegi we beýleki funksiýalar girýär.
Krossoweriň göwrümi 4660 x 1865 x 1660 mm bolup, teker bazasy 2690 mm barabar.
Ulag häzirem 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda gibrid ulgam bilen (adaty we birikdirilýän wersiýalarda) hödürlenýär. Ýöne oňa 169 at güýjüni berýän 2,0 litrlik atmosfera hereketlendirijili täze görnüş hem goşuldy, ortaça sarp ediş WLTC sikli boýunça 100 km üçin 6,68 litre barabar.


15.05.2026 11:08
3.1k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.2k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....

04.05.2026 20:02
4.4k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......

30.04.2026 13:01
5.3k+

Lexus Pekinde üç modelini — LC500h, GX Black Edition we premium LX-i görkezdi

Lexus Pekin awtosalonynda brendiň ösüşiniň dürli ugurlaryny görkezýän birbada birnäçe modeli tanyşdyrdy. Täze ulaglaryň arasynda LC500h kupesi, ýolsuz ýerden ýöreýän GX ulagynyň Black Edition wersiýasy we......