Toyota RAV4 bilen bäsleşip biljek Nissan X-Trail 2026 hödürlendi

  • 24.08.2025 16:54
  • 3.6k+

Nissan içerki ýapon bazarynda täzelenen X-Trail 2026 krossowerini görkezdi. Model çykmaga taýýarlanýan Toyota RAV4 (XA60) we Harrier ulaglarynyň bäsdeşi hökmünde görülýär.

Täze ulag iki täze wersiýa – Rock Creek we NISMO eýe boldy.
Daşky görnüşi taýdan awtomobil sähel üýtgedi, täze radiator gözenegi peýda boldy, gündizki çyralar indi hemişe ýanyp durýar, öňdäki we yzdaky öwrüm görkezijileri bolsa yşyk diodly boldy.
Salonda enjam paneliniň ýokarky bölegi gara reňke boýaldy, goňur Nappa derisi peýda boldy. Öňde we yzda USB-C portlary, şeýle-de smartfonlar üçin simsiz zarýad beriji bar.

Esasy täzelikleriň biri Google Maps, Assistant we Play Store goldawy bilen Google-yň esasynda NissanConnect ulgamy hem-de simsiz Apple CarPlay we Android Auto interfeýsleri boldy. Mobil goşundysy arkaly kondisioneri dolandyrmak, gapylar barada habarnama almak we uzak aralykdan olary ýapmak bolýar.
X-Trail 2026 3D-syn ediş we insiz ýollarda hereket etmäge kömek edýän “görünmeýän kapot” funksiýasy bilen Intelligent Around View Monitor ulgamyny alan ilkinji ýapon awtomobili boldy.
Krossoweriň üç wersiýasy bar:

  • Rock Creek – işjeň dynç alyş üçin bolup, gyzyl öwüşginler bilen gara kuzowa, üçekde reýlinge, 19 dýuýmlyk disklere, ýedi reňk görnüşine, şol sanda eksklýuziw iki reňkli görnüşe (mele bilen gara) eýe boldy.
  • Autech Sports Spec – üýtgeşik asgyç (podweska), rul dolandyryşy, hereketlendiriji we doly herekete getiriji, Performance Damper amortizatorlary, Michelin Primacy 4 tekerleri we gök tikinler bilen gara deri bezegi.
  • NISMO – kuzowyň titremesini azaldýan we rahat sürüşi üpjün edýän Kayaba Swing Valve amortizatorlary (Nissan üçin ilkinji gezek).

Awtomobil diňe e-POWER gibrid ulgamy bilen üpjün edildi. Öň herekete getirijili wersiýa kuwwaty 204 at güýjüne barabar bolan bir elektrik hereketlendirijisi, doly herekete getirijili – iki hereketlendiriji: öňde 204 a.g., yzda 136 a.g. (bilelikde 340 a.g.) bilen enjamlaşdyrylýar.  


20.04.2026 21:03
4.2k+

2026-njy ýylyň Nissan Sentra ulagy IIHS-iň howpsuzlyk boýunça iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň täzelenen Nissan Sentra sedany IIHS amerikan ätiýaçlandyryş institutynyň howpsuzlyk boýunça iň ýokary Top Safety Pick+ bahasyna mynasyp boldy....

14.04.2026 20:19
3.2k+

Nissan kompaniýasy rowaýata öwrülen Xterra-ny we X-Trail-iň, Juke-yň we Skyline-yň täze nesillerini yzyna getirýär

Nissan kompaniýasy öz ösüş strategiýasyny täzeledi, global modelleriniň sanawyny 56-dan 45-e çenli azaltjakdygyny we awtoulaglarynyň 90% -inde emeli aňyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi....

22.03.2026 04:10
2.2k+

Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler...

13.03.2026 07:23
2.2k+

Nissan 2026-njy ýylyň täzelenen X-Trail krossowerini hödürledi

Nissan kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin X-Trail krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobil daşky görnüşinde ujypsyzja üýtgeşmelere, täze programma üpjünçiligine we sürüji üçin kämilleşdirilen kömekçi ulgamlaryna eýe boldy...