Nissan täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny görkezdi

  • 24.08.2025 16:49
  • 4.6k+

Nissan kompaniýasy Hytaýda «Dongfeng» konserni bilen bilelikde öndürilýän täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Täze model Teana Plus ady bilen çykarylar we şu ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykmagyna garaşylýar diýip, AutoHome habar berýär.

Esasy üýtgeşmeler awtoulagyň daşky görnüşine degişli. Awtoulagyň öň tarapy täze radiatoryň gözenegi, çyralary we has täsirli bamperi bilen täzeden işlenip düzülipdir. Yzky tarapynda bolsa, piksel nagyşly yşyk zolakly fonar we yşyklandyrylan marka nyşany ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, diametri 19 dýuýma çenli täze tekerler hem-de iki reňkli kuzow boýagy hödürlenýär. Modeliň uzynlygy 14 millimetr artdy we 4920 millimetre ýetdi, beýleki ölçegleri bolsa üýtgewsiz galdy.

Salony entek görkezilmedi, ýöne sedanda sanly gurallar paneli we mümkinçilikleri giňeldilen täze media ulgamy bilen üpjün edilmegine garaşylýar.
Sertifikasiýa maglumatlaryna görä, Teana Plus 243 at güýjüne eýe bolan iki litrlik turbo-motor bilen üpjün edilýär. Ol sekiz geçiriji guta çalym edýän wariator bilen işläp, güýji transmissiýa geçirýär. Hytaý bazarynda adaty Teana atmosferaly motorlar bilen hem hödürlenýär, ýöne täze wersiýada olaryň ulanylmagyna garaşylmaýar.
Deslapky maglumatlara görä, Nissan Teana we Teana Plus modellerini paralel ýagdaýda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.


08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....