Ronaldu "Al-Nasr" bilen ýene bir kubogy elden gidirdi, ýöne futbolçy täze rekord goýdy

  • 24.08.2025 15:09
  • 17k+

Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän "Al-Nasr" futbol kluby Saud Arabystanynyň Superkubogynyň final oýnunda "Al-Ahliden" utuldy. Duşuşyk "Gonkong - So-Kon-Po" stadionynda geçirildi.

Oýnuň esasy wagty deňme-deň - 2:2 hasabynda tamamlandy. Hasaby ilkinji bolup 41-nji minutda Ronaldu açdy, ol penaltiden gol geçirdi. "Al-Ahli" 45+6-njy minutda Fran Kessýeniň goly bilen hasaby deňledi. Marselo Brozowiç 83-nji minutda ýene "Al-Nasry" öňe çykardy, ýöne 89-njy minutda Rožer Ibanýes deňligi dikeltdi.
Penalti tapgyrynda "Al-Ahliniň" oýunçylary has takyk boldy - 5:3.
Esasy wagtda salnan gol Ronaldu üçin saud toparynyň düzüminde 100-nji boldy. Portugaliýaly hüjümçi dört dürli klubda 100 gol belligine ýeten taryhda ilkinji futbolçy boldy. Geçirilen goldan soň türgen duýgularyna erk edip bilmän, gözüni ýaşlady diýip, Fox Sports ýazýar.
Karýerasynyň dowamynda Ronaldu gol geçirdi:

  • 450 gezek Madridiň "Realynda";
  • 145 gezek "Mançester Ýunaýtedde";
  • 101 gezek "Ýuwentusda";
  • 100 gezek "Al-Nasrda".

Iýunda Ronaldu Er-Riýadyň kluby bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy. Hüjümçi Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony we iki gezek UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýeňijisidir. Ol karýerasynda Lissabonyň "Sportinginde" hem çykyş etdi.


15.06.2026 14:15
7.7k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

08.06.2026 12:42
10k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......