Tango atly it Vogue žurnalynyň Dogue moda bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 22.08.2025 13:15
  • 4.7k+

Vogue žurnaly Dogue ady bilen özboluşly bäsleşik geçirip, ýylyň iň ýaraşykly stili bolan itini saýlady. Ýeňiji Tango atly it boldy.

Ol eminleri özüniň “agras, ýöne täsirli” garaýşy we oturgyçda ykjam oturyşy bilen haýran galdyrdy.
Bäsleşik 1-nji awgustda başlady. Bir günüň dowamynda redaksiýa onlarça müň arza gelip gowuşdy, ýeňiş üçin jemi 56 müňden gowrak it bäsleşdi. Žurnalyň redaktorlaryndan we çagyrylan hünärmenlerden ybarat eminler surata üç ölçeg boýunça baha berdi: kompozisiýa (50%), itiň kadrda görnen häsiýeti (25%) we dogueness – žurnalyň ruhuna laýyk gelmegi (25%).
Finala 27 gatnaşyjy çykdy.
Tango gülli kürsüde oturyp görkezdi. Onuň eýesi Jenniferiň aýtmagyna görä, ol hemişe işjeň, hemişe hereketde bolup, belka, hažžyk, körsyçan, balyk ýaly jandarlary gözleýär. Tango göz gatnaşygy arkaly “gürleşmegi” we ýüz-gözüň hereketini ulanmagy gowy görýär.


Bäsleşikde ikinji orny Lola we Rupert atly itler paýlaşdy.
Sanly Dogue žurnaly 2024-nji ýylda peýda boldy. Onuň daşynda Demi Muryň çihuahua iti, Anna Winturyň üç dudly, Billi Aýlişiň pitbuly, Siaranyň pudeli we Sidni Suininiň pitbuly peýda boldy. Neşiriň her sanynda meşhur şahsyýetler öz itleri barada gürrüň berýär. Mysal üçin, Demi Mur gyzy Tallula Uillisiň pandemiýa döwründe sosial ulgamlarda Pilafy tapandygyny, Brýus Uillis bolsa Tailanddan Los-Anjelese bir güjügiň getirilmegini gurnandygyny aýtdy. 

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....