Ford awtomobilleri yzyna çagyrmagyň sany boýunça antirekord goýdy

  • 22.08.2025 13:20
  • 4.3k+

Amerikan awtoöndürijisi Ford dokuz aýda Demirgazyk Amerikanyň bazarynda ulaglary yzyna çagyryş boýunça 104 kampaniýa geçirdi. Bu görkeziji bäsdeşleriň arasynda iň ýokarysy boldy.

Deňeşdirmek üçin, FCA konserni bu döwürde 21 gezek ulaglary yzyna gaýtardy, FCA, Volkswagen, GM, Mercedes, Honda we Hyundai öndürijileriniň umumy görkezijisi bolsa 77 kampaniýa boldy.
Iň soňky yzyna çagyryş kampaniýalary birbada alty Ford we Lincoln modellerine täsir etdi:

  • ·Ford F-150 (2022-nji ýylda çykan) – 22 müň töweregi pikap ulagyň göwrüm çyralarynyň öçüp-ýanmagy sebäpli serwise iberildi. Bu meseläni çözmek üçin programma üpjünçiligini täzelemeli ýa-da blogy çalyşmaly.
  • ·Ford Mustang (2024-nji model ýyly) – bir ulag şowsuz bejergiden soň enjam paneliniň näsazlygy sebäpli yzyna gaýtaryldy. Mesele programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen düzediler.
  • ·Lincoln Nautilus (2024-2025-nji ýyllarda çykan) – ulag aýnalarynyň päsgelçilik bilen çaknyşanda awtomatik ýagdaýda aşak düşmegi bilen bagly näsazlyk şikeslere getirip biler. Dilerler 102 awtomobiliň gapy modullaryna gaýtadan sereder.
  • ·Lincoln Corsair (2020-2022-nji ýyllarda çykan) – 41 875 ulagyň yzky görnüş aýnasy suwuň düşmegi sebäpli işlemän biler. Öndüriji kamerany we simleri çalşar.

Kampaniýalaryň bir bölegi täze näsazlyklar bilen baglanyşykly, ýöne köpüsi öňki bejeriş işlerinden soň gaýtadan kemçiligiň ýüze çykmagy sebäpli geçirilýär. Şeýle ýagdaý brende bolan ynamy gowşadyp, serwis çykdajylarynyň ýokarlanmagyna getirýär.
Bilermenleriň pikiriçe, kompaniýa heniz hili ýokarlandyrmak wezipesinden baş çykarmaýar, şol sebäpli dilerler hemişe şeýle näsazlyklaryň netijelerini düzetmeli bolýar. Bu, ilkinji nobatda, pikaplara we krossowerlere islegiň ýokary bolan ýerinde, ABŞ-da satuwa ýaramaz täsir edip biler.


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....