HBO “Garri Potter” serialynda Uizli maşgalasyny oýnajak aktýorlary aýtdy

  • 22.08.2025 13:24
  • 4.7k+

HBO “Garri Potter” serialynda Uizli maşgalasynyň agzalarynyň keşplerini ýerine ýetirjek aktýorlaryň atlaryny yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Fred Uizliniň keşbini ekranda Tristan Harland, Jorj Uizlini – Gabriel Harland, Persi Uizlini – Rori Spuner, Jinni Uizlini – Greýsi Kokreýn janlandyrar.
Eseriň esasy gahrymanlarynyň biri bolan Ron Uizliniň keşbini Alaster Staut aldy, bu barada maý aýynda belli bolupdy. Garri Potteri Dominik Maklaflin, Germiona Greýnjeri Arabella Stenton oýnar.
Serial Joan Roulingiň ýedi kitaby boýunça düşürilýär: “Garri Potter we jadygöýiň daşy”, “Garri Potter we gizlin otag”, “Garri Potter we Azkaban ýesiri”, “Garri Potter we alaw kubogy”, “Garri Potter we Feniks ordeni”, “Garri Potter we gany garnuwly şazada” we “Garri Potter we Ölüm peşgeşi”. Roulin taslamanyň ýerine ýetiriji prodýuseri hökmünde çykyş edýär.
Her bir kitabyň esasynda ýedi möwsüm çykarmak meýilleşdirilýär. Premýera HBO Max akym platformasynda bolar.


şu gün 11:16
11

Zoi Saldana filmleri has köp girdeji gazanan aktýorlaryň sanawynda Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi

2026-njy ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Zoi Saldana ähli döwürde filmleri has köp girdeji gazanan aktýor boldy. Ol bu reýtingde Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi. Saldana şeýle netijä «Awatar: Ot we kül» filmi çykandan soň ýetdi...

şu gün 09:37
254

«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy

«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi...

düýn 13:58
1.5k+

Netflix “Gara aýna” serialyny sekizinji möwsüme uzaltdy

Netflix platformasy meşhur “Gara aýna” (Black Mirror) antologiýa serialynyň sekizinji möwsüminiň düşüriljekdigini tassyklady. Bu barada taslamanyň döredijisi Çarli Bruker Netflix Tudum neşirine beren interwýusynda mälim etdi diýip, Variety habar berýär...

12.01.2026 23:03
2.7k+

Disney täze “Rapunsel” filmi üçin baş keşp aktýorlaryny tassyklady

Disney kompaniýasynyň “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýa” (Tangled) multfilminiň janly-enjamlaşdyrylan (live-action) remeýkindäki baş keşpleri janlandyrjak aktýorlar resmi taýdan belli boldy. Deadline we The Hollywood...