Gün özünden uly plazma zyňdy

  • 21.08.2025 19:48
  • 14k+

20-nji awgustda astronomlar soňky ýyllaryň iň uly Gün hadysalarynyň birini hasaba aldy: Günüň günorta polýusyndan uly protuberanes zyňyldy. Onuň uzynlygy, takmynan, 1,5 mln kilometr boldy, bu bolsa Günüň öz diametrinden (takmynan, 1,4 mln km) hem uludyr.

Protuberanes Aşgabat wagty bilen 9:00 töweregi dargap başlady we üç sagatdan soň Günüň üstünden doly aýryldy.
Protuberanesler ululygy we massasy sebäpli kosmos howasyna täsir edip bilýär. Ýöne olaryň traýektoriýasyny, köplenç, öňünden kesgitläp bolmaýar we zyňyndylaryň aglabasy Ýer üçin howp döretmeýär. Deslapky maglumatlara görä, zyňlan plazma biziň planetamyzyň gyrasyndan geçdi.
RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy 1-nji iýunda plazma zyňyndysynyň Ýere düşendigini we üç gün dowam eden iň ýokary, bäşinji derejä ýakyn magnit tupanyna getirendigini ýatlap geçdi.
Alymlar häzirki hadysanyň gerimini belledi. Olaryň aýtmagyna görä, protuberanes 40 mln kilometrden gowrak aralyga uçdy.
Ilkinji zyňyndydan dört sagatdan soň ýene bir protuberanes goýberildi – ikisi-de Mars tarapa gönükdirildi. 


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...