Milliarder “Titanigiň” ýanyna düşmek üçin $10 mln tölemäge taýýar

  • 21.08.2025 15:16
  • 13k+

Ady agzalmaýan milliarder Atlantik ummanynyň düýbündäki “Titanik” gämisiniň galyndylarynyň ýanyna düşmek kararyna geldi we munuň üçin 10 mln dollar tölär. Ol 2023-nji ýylda “Titan” suwasty enjamy bilen bolan heläkçilikden soň, suwa giden gäminiň ýanyna ugrajak ilkinji adam bolar diýip, çeşmä salgylanyp, New York Post gazeti habar berdi.

Ekspedisiýa barada giňişleýin maglumat berilmeýär, ýöne ol professional toparlar bilen işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. NYP-yň çeşmesiniň aýtmagyna görä, ekspedisiýa birnäçe hepdeden amala aşyrylar. “Siz onuň adyny bilýän bolsaňyz gerek” – diýip, neşiriň söhbetdeşi belleýär.
Ol geljekki syýahat barada milliarderiň özüniň yglan etmegine päsgel bermek islemeýändigini aýtdy.
2023-nji ýylyň 18-nji iýunynda “Titan” suwasty enjamy 1912-nji ýylda 3,8 km çuňlukda Demirgazyk Atlantikde gark bolan “Titanik” gämisiniň ýanyna çümen wagty ýitirim boldy. Enjam bilen aragatnaşyk aşak düşüp başlanyndan iki sagat geçmänkä ýitdi.
Dört günden soň halasgärler onuň döwük böleklerini tapdy: “Titanyň” heläkçiliginiň sebäbi imploziýa boldy – gäminiň korpusy suwuň ýokary basyşyna çydap bilmän, içine gysyldy. Bortdakylaryň ählisi şol pursat heläk boldy. Enjamyň bölekleri we ekipažyň agzalarynyň çak edilýän galyndylary soňrak suwuň ýüzüne çykaryldy.
OceanGate Expeditions amerikan kompaniýasynyň enjamynyň bortunda bäş adam bardy: kompaniýanyň esaslandyryjysy, millioner Stokton Raş, suw düýbüniň gözlegleriniň fransiýaly weterany Pol-Anri Naržeole, britaniýaly milliarder we kosmos syýahatçysy Hamiş Harding, pakistanly millioner Şahzada Dawud we onuň 19 ýaşly ogly Suleýman.


25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......