“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” we “Elio” onlaýn çykdy

  • 20.08.2025 14:32
  • 8.2k+

Daşary ýurt onlaýn platformalarynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filminiň sanly relizi boldy. Bu Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky franşizanyň sekizinji filmidir, onuň premýerasy maý aýynda boldy.

Film 300 mln dollar býujetde 596 mln dollar ýygnady. Sýužetiň merkezinde agent Itan Hantyň emeli aň bilen göreşi durýar. Şeýle-de, filme Heýli Etwell, Wanessa Kirbi, Saýmon Pegg we Wing Reýmz gatnaşdy. Režissýor hökmünde Kristofer MakKuorri çykyş etdi.
Şeýle-de, internetde Pixar bilen Disney studiýasynyň “Elio” atly täze multfilmi peýda boldy.
Onlaýn çykmazdan öň “Tapmaça” (Головоломка) we “Oýnawaçlaryň hekaýasy” (История игрушек) multfilmlerini döredijileriň bu multfilmi iki aý prokatda boldy, ýöne bary-ýogy 147 mln dollar gazandy. Tomaşaçylar oňa dürlüçe syn berdi.
“Elio” baý hyýaly bolan 11 ýaşly oglanjyk barada gürrüň berýär. Ol tötänleýin dürli galaktikalardan jandarlary birleşdirýän Kommuniwýors planetara guramasyna düşüp, Ýeriň ilçisi bolýar. Gahryman dürli synaglaryň üsti bilen, özüniň kimdigine düşünmäge çalyşýar. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......