«Ýüzükleriň hökümdarynyň" täze filminde Frodo bilen Gendelf gaýdyp geler

  • 19.08.2025 18:54
  • 4.5k+

“Ýüzükleriň hökümdary” (The Lord of the Rings) franşizasyndaky indiki filminde hobbit Frodo we jadygöý Gendelf sahna çykar. Bu barada Gendelfiň keşbini ýerine ýetirýän aktýor Ien Makkellen Londonda geçirilen “For the Love of Fantasy” atly duşuşykda mälim etdi.

“Iki sany syr açaýyn: filmde Frodo we Gendelf atly gahrymanlar bolar. Häzirlikçe diňe şu!” diýip belläp, öz roluna dolanyp gelýändigini anyk aýtmasa-da, tomaşaçylar muny yzyna gaýdyp geljekdigine alamat hökmünde kabul etdiler.

Piter Jeksonyň 2001–2003 ýyllar aralygynda surata düşüren trilogiýasynda Frodonyň keşbini Elaýja Wud janlandyran bolsa-da, onuň täze taslama gatnaşýandygy entek tassyklanmady.
Makkelleniň aýtmagyna görä, filmiň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň maý aýynda başlanar. Režissýor hökmünde Endi Serkis çykyş eder we şol bir wagtda Gollumyň keşbine hem dolanar.
Filmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda garaşylýar. Taslamanyň prodýuserleriniň arasynda Piter Jekson hem bar.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......