Bitkoin 124 müň dollara ýetenden birnäçe gün soň 115 müň dollara düşdi

  • 19.08.2025 18:12
  • 2.9k+

Bitkoiniň bahasy geçen hepde rekord 124 496 dollara ýetenden soň, 2% - 115 527 dollara çenli pese düşdi diýip, CNBC habar berdi. Duşenbe güni söwdalaryň dowamynda ol 114 706 dollara çenli peseldi.

Öz gezeginde, Ethereum 4%, 4290 dollara çenli arzanlady. Geçen hepde onuň bahasy rekord 4800 dollara golaýlady.
CNBC-niň maglumatlaryna görä, pese gaçyş maýadarlaryň girdeji almak islegi bilen baglanyşykly boldy, bu hem köpçülikleýin satuwa getirdi. Analitikler 133 643 treýderiň bir günde 576,35 mln dollarlyk aktiwleri satandygyny belleýär. Olardan 124 mln dollar bitkoiniň we 184 mln dollar Ethereum-yň paýyna düşdi. Likwidasiýa treýderler karzlary üzmek üçin aktiwleri bazar bahasyndan satmaly bolan ýagdaýynda bolup geçýär, bu hem bahalaryň has peselmegine getirýär.
Maýadarlaryň lapykeçligi ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessentiň sözlerinden soň has-da güýçlendi. Ol Donald Tramp tarapyndan martda döredilen bitkoinleriň strategik ätiýaçlygynyň diňe federal hökümet tarapyndan ele salnan kriptowalýutalaryň hasabyna dolduryljakdygyny düşündirdi.
Öňdebaryjy sanly aktiwleriň dinamikasyny görkezýän CoinDesk 20 indeksi 3,7% peseldi. Kriptowalýuta kompaniýalarynyň paýnamalary hem arzanlady: Bitmine Immersion 8%, Bullish – 7%, Circle we Coinbase – 2% ýitirdi.


06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...