Dubaýda dünýäde ikinji iň beýik bina bolan "Burj-Aziziniň" taslamasynyň jikme-jiklikleri mälim edildi

  • 19.08.2025 15:16
  • 11k+

Birleşen Arap Emirliklerinde Dubaýda guruljak “Burj-Azizi” diýlip atlandyrylýan beýik binanyň funksional zolaklaşdyrylyş nusgasy köpçülige ýetirildi. Binanyň beýikligi 725 metre barabar bolar. Bina taslamany durmuşa geçirýän Azizi Developments kompaniýasynyň ady bilen atlandyryldy.

Ülňüde görkezilişine görä, binada dünýäde iň beýikdäki syn ediş meýdançasy ýerleşer. Mundan başga-da, rekord derejedäki beýiklikde klub, spa-merkez we restoran açmak meýilleşdirilýär.
Bellenen beýiklige görä, “Burj-Azizi” dünýäniň iň beýik binalarynyň arasynda 828 metrlik “Burj-Halifadan” soň ikinji orny eýelär. Ýöne, Saud Arabystanynda gurlup ýörlen 1 kilometrlik Jeddah Tower taslamasy tamamlanan halatynda, Dubaýdaky iki belent bina hem dünýä reýtinginde öz orunlaryny ýitirip biler.


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....