“Skibidi”, “delulu” we “tradwaýf” näme? Kembrij sözlüginde täze sözler peýda boldy

  • 19.08.2025 14:13
  • 1.7k+

Kembrij sözlügine “skibidi”, “tradwaýf” we “delulu” sözleri girdi. Bu internet medeniýetiniň iňlis diline ýetirýän täsiriniň artýandygyny görkezýär diýip, The Guardian habar berýär.

“Internet medeniýeti iňlis dilini üýtgedýär we bu hadysa syn etmek, onuň netijelerini bolsa sözlükde bellige almak gyzykly” – diýip, sözlügiň leksik programmasynyň ýolbaşçysy Kolin Makintoş belledi. Ol täze sözleriň diňe “ornaşar diýlip hasaplanan” ýagdaýynda goşulýandygyny aýtdy.

“Skibidi” sözi “jalaý” ýa-da “erbet” ýaly dürli manylary aňladyp biljek ýa-da bellibir manysy bolmadyk degişme hökmünde ulanylyp bilinjek söz” hökmünde kesgitlenýär. Ol Skibidi Toilet animasion serialyndan soň meşhur boldy. Onda adam kellesi çykyp duran unitazlar kelleleri kameralar, dinamikler we telewizorlar bilen çalşyrylan adamlar bilen uruşýar.
“Delulu” sözi “delusional” (“samyrdy”) sözünden gysgaltmadyr. Sözlükde ol “adatça, öz islegiň boýunça, hakyky ýa-da dogruçyl däl bir zada ynanmak” ýaly düşündirilýär.
“Tradwaýf” – “tradional wife” jümlesinden bolup, “sosial ulgamlarda post ýerleşdirýän zenany” aňladýar. Adalga aýallaryň eje we öý ojagynyň goragçysy bolmalydygy baradaky konserwatiw garaýyşlary öňe sürüp, degişli kontentleri hödürleýän zenan blogerlere degişlidir.
Şeýle-de, “broligarhiýa” (“bro” – “gardaş” we “oligarchy” – “oligarhiýa” sözlerinden birleşme) sözi bolup, ol syýasy täsire eýe bolmak isleýän tehnologiýa pudagyndan abraýly erkek adamlaryň uly bolmadyk toparyny aňladýar. Sözlüge – “mouse jiggler” adalgasy hem girdi. Ol adam işlemeýän wagty kompýuter işjeňligini ýasaýan gurluş ýa-da programmadyr.
Kembrij sözlügi iňlis dilini öwrenýänler üçin esasy sözlükleriň biri. 2024-nji ýylda oňa 3200-den gowrak, soňky bir ýylda bolsa 6000-den gowrak söz we aňlatma goşuldy.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.3k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......