Zak Kreggeriň “Ýaraglar” horror filminiň kassa ýygymy býujetden üç esse ýokary boldy

  • 19.08.2025 14:09
  • 2.7k+

Režissýor Zak Kreggeriň “Ýaraglar” (Орудия) horrory dünýä prokatynda meşhur boldy. Ikinji hepdäniň ahyryna çenli onuň kassa ýygymy 38 mln dollar býujetde 148 mln dollara ýetdi. Bu bolsa önümçilik çykdajylaryndan üç esse ýokarydyr diýip, Variety habar berýär.

ABŞ-daky içerki prokatda film 89 mln dollar, galan ýurtlarda 59,7 mln dollar ýygnady. Analitikleriň maglumatlaryna görä, kassa ýygymlarynyň dinamikasy ortaça pese gaçyşy görkezýär, ýöne filmiň tegelek mukdara ýetmek mümkinçiligi bar.
Amerikan prokatynyň täze filmleriniň arasynda ikinji orny “Birgeňsi anna 2” (Чумовая пятница 2) eýeledi – bu Lindsi Lohan we Jeými Li Kertis bilen meşhur filmiň dowamydyr. Onuň dünýädäki kassa ýygymy 86 mln dollardan geçdi.
Üçünji orunda Bob Odenkerk bilen “Hiç kim 2” (Никто 2) filmi ýerleşdi. Ol 25 mln dollar býujetde 14,1 mln dollar gazandy. Çykdajylar bilen girdejileriň arasyndaky tapawuda garamazdan, filmiň başlangyç görkezijileri birinji bölümiňkiden ýokarydyr.  


düýn 19:16
1.6k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

düýn 14:38
597

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

düýn 10:37
1.3k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....

23.04.2026 21:04
1.9k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......