Mitsubishi 20 ýyldan soň Montero ulagyny yzyna getirýär

  • 18.08.2025 16:03
  • 7.1k+

Mitsubishi kompaniýasy käbir bazarlarda Pajero ady bilen tanalýan Montero ulagyny çykarmaga taýýarlanýar. Muny internet torunda peýda bolan prototipiň suratlary delillendirýär.

Bu soňky ýigrimi ýylda Montero-nyň ABŞ-da ilkinji gezek peýda bolmagy bolar, Ýewropada bolsa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli çykmagyna garaşylýar.
Deslapky maglumatlara görä, awtomobil rama gurluşyna eýe bolup, Nissan Armada we Infiniti QX80 bilen bir umumy platformada gurlar. Ol 425 at güýjüni berýän goşa turboly 3,5 litrlik V6 benzin hereketlendirijisine eýe bolar. Hereket gutusy – 9 basgançakly awtomat. Salon üç hatarly bolup, ýolsuz ýerden ýöremek üçin sazlanýan podweska bar.
Şeýle-de, Mitsubishi gibrid wersiýalary, şol sanda 2,4 litrlik hereketlendirijiniň esasynda birikdirilýän gibrid çykarmagy göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde doly herekete getiriji modeliň hökmany bölegi bolup galar.
Pajero modeli öz adyny günorta Argentinanyň Patagoniýa belentliginde ýaşaýan pampas pişiginiň (Leopardus pajeros) şanyna aldy. Ýöne ispan dilinde “pajero” sözüniň paýyş manysy bar, şonuň üçin birnäçe ýurtda başga at ulanyldy. Ispaniýada, Hindistanda we Amerika ýurtlarynda Mitsubishi Montero, Beýik Britaniýada Mitsubishi Shogun hökmünde çykaryldy. Ýaponiýada onuň ady “padzero” ýaly aýdylýar. 


03.03.2026 16:26
5.4k+

Mitsubishi-niň täze krossoweri nykaplanan Nissan Leaf bolup çykdy

Internetde hakykatdanam täze Nissan Leaf-iň esasynda döredilen nykaply Mitsubishi elektrik ulagynyň suratlary peýda boldy. Kompaniýa ozal şu ýazda Leaf-iň platformasynda öndürilen ikinji önümçilik elektrik ulagyny hödürlejekdigini tassyklapdy...

16.01.2026 16:46
3.3k+

Mitsubishi dünýä bazary üçin Nissan Rogue krossowerini we Navara pikapyny ýygnap başlady

Mitsubishi Motors kompaniýasy Nissan brendi üçin iki modeliň önümçiligine başlady. Bu birikdirilýän gibrid enjamly Nissan Rogue krossoweri we Nissan Navara pikapydyr. Rogue plug-in hybrid ulagynyň önümçiligi 12-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň Okadzaki şäherindäki Mitsubishi zawodynda başlady...

05.01.2026 15:00
10k+

Mitsubishi syrly bir modeliň tizerini görkezdi: ol täze Pajero bolup biler

Mitsubishi kompaniýasy Ralliart bölümçesi bilen bilelikde döredilen korporatiw mahabatda geljekki modeliň tizerini görkezdi. Wideo brendiň sport üstünliklerine bagyşlandy, ýöne wideonyň ahyrynda täze bir ulagyň silueti görkezilýär...

08.11.2025 07:21
4.2k+

Mitsubishi kaşaň Elevance konsepti bilen tanyşdyrdy: wnedorožniklere täzeçe çemeleşme

Mitsubishi kompaniýasy Japan Mobility Show 2025 sergisinde üç hatarly täze Elevance konseptual wnedorožnigini görkezdi. Geljekde Pajero Sport modeline täsir edip biljek bu konsept, dört elektrik hereketlendirijisi we kompaniýanyň S-AWC ähli tekerleri hereketli ulgamy bilen işleýän plugin-gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr...