Günde tegmilleriň sany ep-esli azaldy, ol alawlama işjeňligini gowşadyp biler

  • 18.08.2025 15:56
  • 4.1k+

Günüň Ýere bakýan tarapynda Gün tegmilleri asla galmady diýen ýaly. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, ýokary takyklykdaky suratlarda häzir dört sany tegmilli ýeri görmek bolýar. Ähtimal, Günüň arka tarapynda-da ýagdaý şeýle bolsa gerek. Adatça, tegmilleriň sanynyň azalmagy alawlama işjeňliginiň peselmegine getirýär.

“Eger hiç zat üýtgemese, onda indiki hepdäniň başyna çenli alawlamalaryň sany düýbünden nola gelip biler, bu howa duýgur adamlar üçin gowy, radio söýüjiler üçin bolsa gynançly habar” – diýip, synçylar belledi.

Şol bir wagtyň özünde hünärmenler şu günden başlap koronal deşik sebäpli geomagnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýandygyny çaklaýar. RYA-nyň alymlarynyň habar bermegine görä, 15-nji awgustda Günüň görünýän tarapyndaky bu deşigiň meýdany bir günde, takmynan, 50% ulaldy.
Ylmy gözlegçileriň maglumatlary boýunça, deşigiň çäginde “Gün ýeliniň has tiz we dykyz akymyna” garaşylýar, çünki garalma diňe bir ýokarky däl, eýsem Gün atmosferasynyň aşaky gatlaklarynda-da görünýär.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...